Okgunly ösüşiň aýdyň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bu gün dünýä dolýar.Halkymyzyň we tutuş adamzadyň abadançylykly ösüşiniň we bagtyýar geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen täzeçil içeri we daşary syýasaty, tutumly işleri, beýik başlangyçlary Watanymyzy dünýäniň ykdysady hem-de ruhy-medeni taýdan sazlaşykly we gülläp ösýän kuwwatly döwletleriň birine öwürdi.

Biziň ýurdumyz tarapyndan amala aşyrylan bu taryhy seçip almak köp babatda döwlet ösüşiniň ähli ugruny öňünden kesgitledi. Özboluşly halkara-hukuk derejesi diňe bir uly möçberli döwlet özgertmeler maksatnamalaryny we durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin däl, eýsem, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ähli ýurtlar hem-de abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin esas boldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna beslenýän Halkyň Arkadagly zamanasy şygary ynsanperwer ýörelgeler bilen üznüksiz bagly bolup, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň has-da dabaralanmagynyň binýady boldy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda depginli ösüşler we giň gerimli özgertmeler ýoly bilen täze tehnologik eýýama gadam basýan ýurdumyz ýeňişli ýollary nazarlaýar. Ýokary durmuş ölçeglerini üpjün edýän ägirt uly maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, bilim, medeni, ylmy we sport maksatly edaralaryň giň toplumy döredildi. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň hem ähli künjeklerinde önümçilik-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi hem-de birnäçe desgalaryň bolsa gurluşygy dowam edýär.

Daşoguz şäheriniň merkezinde açylan 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurulmagy ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy.Prezident Maksatnamasynyň amala aşyrylýan döwründe Daşoguz şäherinde kuwwatlylygy 120 MWt bolan bug turbinaly elektrik stansiýasyny gurmak we Daşoguz elektrik stansiýasyndan Köneürgenç şäherine çenli elektrik geçirijilerini çekmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de, meýilleşdirilýän ýediýyllygyň dowamynda Daşoguz welaýatynda täze gazhimiýa pudagy emele geler.

Welaýatda suwuklandyrylan uglewodorod gazyny öndürýän desgany gurmak göz öňünde tutulýar.Tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly önümçilik zawodynyň işe girizilmegi bilen, welaýatymyzyň çäklerinde täze gazhimiýa önüminiň öndürilişi başlanar.Welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipelerini netijeli çözmek üçin gurluşyk senagatynyň hem-de ýeňil senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, oba hojalygynyň, dokma önümçiligiň, haly we haly önümleriniň öndürijiligini kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.

Welaýatyň öz çig malynyň binýadynda täze kärhanalary we önümçilikleri döretmegiň hasabyna gaýtadan işleýän senagatyň ösüşini işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Öňde duran döwürde ýüňi we derini ilkinji işleýän, sintetik halylary öndürýän kärhanalary gurmak meýilleşdirilýär.

Bularyň ählisi sebitde ýokary ykdysady ösüşi alamatlandyrýar.Maksatnama laýyklykda 2019-2025-nji ýyllarda Daşoguz welaýaty boýunça maldarçylyk pudagyny, köpdürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini yzygiderli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Welaýatymyzyň oba hojalygyny özgertmegiň esasy maksady oba hojalyk çig malyny gaýtadan işleýän kärhanalary, ykdysadyýetiň ýokary derejeli, şol sanda eksporta gönükdirilen pudaklaryny döretmek bolup durýar.Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň maksatnamasyny, onuň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini alamatlandyrýar.

Bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy we durnukly ösüşi gazanmakda halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, öňdengörüji we maksada gönükdirilen daşary syýasat alnyp barylýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda belent sepgitler nazarlanýar.

Mähriban Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar, şanly wakalar halkymyzda döredijilikli zähmet çekmäge hyjuw we ruhubelentlik duýgusyny döredýär.Abadan ýurdumyzda çekilýän halal zähmetiň netijeleri Watanymyzyň kuwwatydyr.Milli ykdysadyýetimiziň berkliginiň, döwletimiziň kuwwatynyň köp derejede agzybirlikde çekilýän zähmete, döredijilik mümkinçiliklerine baglydygyna oňat düşünýän welaýatymyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalary Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna her bir zähmet adamsynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne kybapdaş belent ruh bilen zähmet çekmegi ugrunda tagallalary edýärler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoly beýleki köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenip, olar täze maksatlara, ösüş menzillerine ýetmegiň özeni bolup hyzmat edýär.

Maýa Gurbandurdyýewa,Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň Maliýe bölüminiň esasy hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi
Görelde gören sahna ussady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Stambulda türkmen aktiwistiniň ogluna hüjüm edildi
Stambul: Türkmen raýaty Şamil Gurbandurdyýewe edilen hüjümden soň onuň pasporty uzaldyldy
Stambul: Türkmen raýaty Şamil Gurbandurdyýewe edilen hüjümden soň onuň pasporty uzaldyldy