Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy

Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy

Şu gün Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň sportuň Başa-baş görnüşleri desgasynda türkmenistanly Olimpiýaçylara sylag gowşurmak dabarasy boldy.

Agyr atletikaçy Polina Gurýewa XXXII tomusky Olimpiadasynda 59 kilograma çenli agramda çykyş edip, Türkmenistanyň Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy.

Dabarada Tokio Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýynyň, Lexus LX570 Sport Plus ýeňil awtoulagynyň açarlaryny we 50 müň amerikan dollary möçberinde pul sylagyny gowşurdy. Şeýle-de, P.Gurýewa Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Tanyş boluň! Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Aşgabatda türgenleşip başlady
Polina Gurýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy
Dünýä çempionatynda türkmenistanly agyr atletikaçylar haçan çykyş eder?
Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyşlarynyň tertibi
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşarlar