Omanda alma ululygynda doly ýagdy

Omanda alma ululygynda doly ýagdy

Omanyň ülkeleriniň birgideninde güýçli doly ýagdy. Oňa güýçli deňiz harasaty sebäp boldy. Almanyň ululygyndaky doly däneleri onlarça adamy ýaralady, infrastruktura zeper ýetirdi diýip, Al-Arabiýa teleýaýlymyna salgylanýan Izwestiýa.ru habar berdi.

Ady tutulan teleýaýlym alma ýaly doly bölekleriniň awtoulaglara zeper ýetirişini görkezdi. Birnäçe etraplarda elektrik üpjünçiligine zeper ýetdi.

Omanda doly bilen birlikde, güýçli sil joşmasy-da dowam edýär. Çabga ýagynlary netijesinde ýurduň Demirgazyk Eş-Şarkiýa ülkesinde azyndan 17 adam pida boldy, olaryň 9-sy mekdep okuwçylary diýip, Al-Arabiýa teleýaýlymy habar berdi.

Ýurduň Hökümeti gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi. Ejir çeken etraplardan ilat göçürilýär.

Ýene degişli makalalar

Şawkat Mirziýoýew Omanyň ministri bilen Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi boýunça pikir alyşdy
Türkmenistanda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge taýýarlyk görülýär
Arap Ýurtlary Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy
Hytaý, Russiýa we Eýran Bilelikde Deňiz Türgenleşigini Geçirýär
Numan Kurtulmuş Azerbaýjanda Saparda Bolýar
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi