Türkmenistanda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge taýýarlyk görülýär

Ýene-de 10 günden gowrak wagtdan Aşgabat nobatdaky sport baýramçylygyny — hokkeý boýunça halkara ýaryşy garşylar.Türkmenistanyň Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Karary bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine bu ýaryşy 15 — 20-nji aprel aralygynda geçirmäge ygtyýar berildi.

Baharyň ilkinji gününde gol çekilen bu Karar halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirdi diýip, Türkmenistan gazeti ýazýar.

10-dan gowrak döwlete çakylyk hatlary ýollanyldy

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 18-nji fewralynda gol çeken Karary bilen, ýaryşy geçirmek baradaky guramaçylyk topary döredilipdi. Şondan bäri ýaryşa taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde onuň Düzgünnamasy düzülip, ol guramaçylar — Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy tarapyndan tassyklanyldy.

Düzgünnama resmi çakylyk haty bilen bilelikde, diplomatik ýollar arkaly Belarusyň, Eýranyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Omanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Bahreýniň degişli hokkeý klublaryna ýollanyldy.

Dolandyryş merkezi döredildi

Halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmek boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlary hem-de onuň guramaçylyk işleri bilen bagly taýýarlanylan teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin guramaçylyk toparynyň iki mejlisi geçirilip, olarda zerur çözgütler kabul edildi. Şol çözgütlere laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň dolandyryş merkezi döredildi hem-de ol degişli hünärmenler, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň meýletinçi talyplary bilen üpjün edildi. Şonuň ýaly-da, hokkeý boýunça halkara ýaryşy ýokary guramaçylykly geçirmek üçin alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy.

Guramaçylyk işleri alnyp barylýar

Dolandyryş merkeziniň hem-de Iş toparynyň meýilnamalaryna laýyklykda, ýaryşyň guramaçylaryny, meýletinçileri egin-eşik, ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary, zerur bolan awtoulaglar bilen üpjün etmek, degişli lukmançylyk hyzmatlary, jemgyýetçilik howpsuzlygynyň hem-de tertip-düzgüniniň, ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilmegi boýunça alnyp barylmaly işler kesgitlenildi.

Degişli ylalaşyklar gazanyldy

Ýaryşy geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň 24-nji fewraldaky mejlisiniň teswirnamasy bilen, oňa gatnaşjak döwletleriň at ýazgysy, ýaryşyň resmi nyşanynyň, ýeňijilere gowşuryljak medallaryň, şahadatnamalaryň, Kubogyň, ýaryşa gatnaşyjylaryň akkreditasiýasynyň, aýratyn tapawutlanan türgenlere gowşuryljak sowgadyň, ýurdumyzyň milli toparynyň egin-eşiginiň hem-de ýeňiji toparlaryň türgenlerine gowşuryljak gül çemenleriniň görnüşleri bellenilen tertipde ylalaşyldy.

Ýaryş iki toparçada geçiriler

Hokkeý boýunça halkara düzgünlere laýyklykda, ýaryşa gatnaşýan toparlara amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly we kiçi buzly meýdançalarynda ýaryşyň A we B toparçalaryndaky duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi meýilleşdirildi.

Zerurlyga görä, ýaryşa gatnaşýan hokkeý toparlarynyň türgenleşiklerini Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Milli Olimpiýa sport köşgüniň hem-de Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Galkan gyş sport merkeziniň buzly meýdançalarynda geçirmek bellenildi.

Ýene degişli makalalar

“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň kubogyna mynasyp boldy
Hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi
AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
GALKAN HOKKEÝ TOPARYNYŇ TÜRGENLERINIŇ WE TÄLIMÇILERINIŇ HORMATYNA DABARA
Aşgabatda halkara hokkeý ýaryşynda ýeňiji bolan "Galkan" toparyny sylaglamak dabarasy geçirildi
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri