OPEK 2022-nji ýylda dünýäde nebite islegiň ösüşi baradaky çaklamasyny peseltdi

OPEK 2022-nji ýylda dünýäde nebite islegiň ösüşi baradaky çaklamasyny peseltdi

OPEK Gündogar Ýewropadaky geosyýasy ýagdaýlar we pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli, 2022-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüşi baradaky çaklamasyny 0,3 mln b/g, ýagny 3,4 mln b/g çenli peseltdi. Bu barada guramanyň maý aýyndaky hasabatynda aýdylýar diýip, TASS belleýär.

OPEK-iň çaklamasyna görä, ikinji çärýekde nebite bolan islegiň ösüşi birinji çärýekdäki 5,2 mln b/g bilen deňeşdirilende 2,8 mln b/g çenli peseler. “2022-nji ýylda islege Gündogar Ýewropada dowam edýän geosyýasy wakalar we COVID-19 çäklendirmeleri täsirini ýetirer diýlip çaklanylýar” diýip, gurama belleýär.

OPEK 2022-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini 3,5%-e çenli (aprel aýynda çaklama 3,9%) peseler diýip hasaplaýar.Deslapky maglumatlara görä, 2022-nji ýylyň mart aýynda YHÖG-niň ýurtlarynyň täjirçilik nebit gorlary 10,1 mln barrel ýokarlanyp, 2,621 mlrd barrele ýetdi.

Bu bir ýyl ozalkydan 298 mln barrel we bäş ýyllyk ortaça derejeden 304 mln barrel pesdir. Şol bir wagtyň özünde nebitiň öz gory 12,9 mln barrel ýokarlandy, nebit önümleriniň galyndylary bolsa 2,8 mln barrel azaldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda OGT-2022 Halkara maýa goýum forumy başlady
Saud Arabystany 2027-nji ýyla çenli nebit önümçiligini 13 mln b/g ýetirmegi maksat edinýär
Nebit önümçiligini artdyrar
Türkmenistan we Tatarystanyň şirketi Türkmenbaşyda bilelikde gämiler gurmagy iki ýyllap maslahatlaşýarlar
IHS: 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitiň bahasy bir barrel üçin $135-a çenli ýokarlanar
Basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň ajaýyp üstünligi, robot tehnikasy boýunça halkara bäsleşikde gazanylan üstünlik, Awazadaky kenarýaka festiwaly, Migrasiýa boýunça halkara guramadaky we ETL-däki boş iş orunlary we beýleki habarlar