“Oskar-2021” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

“Oskar-2021” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

26-njy aprele geçilýän gijede Los-Anjelesde Amerikan kinoakademiýasynyň “Oskar” baýragynyň 93-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Baýrak gowşurylyş dabarasy baýragyň resmi YouTube kanalynda görkezildi. Bu barada TASS habar berýär.

“Çarwalaryň ýurdy” kartinasy “Iň gowy film” nominasiýasynda baýraga mynasyp boldy, şeýle-de baýraklarynyň sany boýunça lider boldy.Filmde oýnan Frensis Makdormand “Iň gowy aktrisa” nominasiýasynda ýeňiş gazandy, režissýor Hloýa Çžao iň gowy režissýorlyk işi üçin baýrak aldy.

Entoni Hopkins bolsa Florian Zelleriň “Kaka” (The Father) filmindäki keşbi üçin “Iň gowy aktýor” nominasiýasynda “Oskar” baýragyny aldy.Bu lenta iň gowy adaptirlenen ssenariýa üçin hem altyn heýkele mynasyp boldy. “Iň gowy original ssenariýa” nominasiýasynda režissýor Emirald Fenneliň “Umyt beriji zenan” (Promising Young Woman) kartinasy sylaglandy.

Dewid Finçeriň “Mank” filmi iň gowy operatorlyk işi we önümçilik dizaýny üçin “Oskar” bilen sylaglandy. “Ikinji plandaky iň gowy aktýor” “Iuda we gara messiýa” filminde oýnan Deniel Kaluýa boldy.

Bu filmdäki “Fight for you” kompozisiýasy iň gowy original aýdym diýlip ykrar edildi. “Ikinji plandaky iň gowy aktrisa” nominasiýasynda “Oskar” baýragyny “Minari” (Minari) filmindäki keşbi üçin günorta koreýaly Ýun Ýo Jon aldy. “Iň gowy animasion film” Piter Dokter bilen Kemp Paeursyň “Ruh” multfilmi boldy, ol iň gowy sazly ýerine ýetirme üçin hem altyn heýkele mynasyp boldy.

Tomas Wintenbergiň “Ýene bir gezek” (Druk) lentasy iň gowy daşary ýurt çeper filmi boldy.Jorj Wolfuň “Ma Reýni: blýuzyň enesi” (Ma Rainey's Black Bottom) lentasy iň gowy grim we saç üçin, şeýle-de iň gowy egin-eşikler üçin baýraga mynasyp boldy.

Iň gowy wizual effektler üçin baýragy Kristofer Nolanyň “Delil” filmi aldy. “Iň gowy gysga metražly oýun filmi” nominasiýasynda “Uzaklykdaky iki nätanyş” (Two Distant Strangers) ýeňiş gazandy. “Meniň osminog mugallymym” lentasy iň gowy dokumental film diýlip atlandyryldy.

Ýene degişli makalalar

93-nji OSKAR BAÝRAKLARYNYŇ ÝEŇIJILERI
Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
93-nji Oskar baýraklary gowşuryldy
2022-nji ýylda Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mart aýyna süýşüriler
Çarwadarlaryň Oskary
93-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi