Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlanjakdygyny habar berdi

Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlanjakdygyny habar berdi

Owganystan TOPH gaz taslamasynyň gurluşygynyň has-da işjeňleşmegi üçin, degişli işlere girişmegi meýilleşdirýär. Bu barada owgan Hökümetiniň ykdysady mesleler boýunça wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Abdul Gani Beradary Hyrat welaýatynyň merkezinde geçirilen ykdysady meselelere bagyşlanan mejlisiň dowamynda belläp geçdi.

Resmi owgan internet neşirlerinde beýan edilişi ýaly, häzirki döwürde Owganystanda durmuş-medeni maksatlary desgalaryň gurluşygy yzygiderli alnyp barylýar. Şonuň bilen baglylykda, Molla Beradary diňe bir ýurduň çägindäki gurluşyk işlerine üns berilmän, üstaşyr-ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi. Şunlukda, wise-premýer ykdysady taýdan örän bähbitli bolan Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň işine çynlakaý garaljakdygyny we onuň gurluşygyna ýakyn wagtda başlanjakdygyny habar berdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Owganystanyň wekiliýeti ýakyn wagtda tebigy gaz we TOPH taslamasy boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geler. Şeýle-de 24-nji awgustda Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri bilen TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanowyň arasynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirilip, onda gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi üçin howpsuzlyk meseleleri maslahatlaşyldy.

Owgan Hökümeti TOPH taslamasy boýunça amaly işleri ýerine ýetirmek üçin ýakynda ýörite topar hem döretdi.

Maglumat hökmünde ýatlatsak, TOPH gaz geçiriji taslamasynyň taryhy 2010-njy ýylda başlandy. Şol ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda gazgeçiriji baradaky Çarçuwaly şertnama we TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky Hökümetara ylalaşyga gol çekildi.

Bäş ýyl soň, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda gaz geçiriji taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlary onuň gurluşygynyň düýbüni tutdular.TOPH transmilli gaz geçirijisiniň uzynlygy takmynan 1800 km hasaplanýar.

Ol Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Galkynyş käninden Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip, Hindistanyň Penjap welaýatyna baryp ýeter.Gaz geçirijisiniň kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre deň bolar.

Ýene degişli makalalar

TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Iş topary dörediler
Pakistanly resmi: TOPH taslamasy, maliýe meseleleri çözülenden soň, üç-dört ýylyň içinde tamamlanar
Owganystan oktýabrda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlar
Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasynyň birinji tapgyrynyň howpsuzlyk konsepsiýasyny maslahatlaşdylar
Aşgabatda TOPH gaz geçirijisiniň utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi geçiriler
Owganystan TOPH taslamasynyň tehniki barlaglaryny tamamlady