Aşgabatda TOPH gaz geçirijisiniň utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi geçiriler

Aşgabatda TOPH gaz geçirijisiniň utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi geçiriler

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi ýakyn wagtda Aşgabatda geçiriler diýip, “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň ykdysady meseleler boyunça Premýer-ministriniň orunbasary Molla Abdul Gani Baradar bilen ýekşenbe güni Kabulda geçiren duşuşygynyň dowamynda aýtdy.

Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow hem duşuşyga gatnaşdy. Bu barada Owganystanyň hökümetiniň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Taraplar TOPH taslamasy boýunça Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ylalaşylan hereketleriň amala aşyrylyşyny we taslamanyň Owganystanda durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Molla Abdul Gani Baradar Owganystandaky häzirki ýagdaýlary TOPH taslamasy üçin oňyn mümkinçilik hökmünde häsiýetlendirip, owgan tarapynyň bu taslama boýunça işleri amala aşyrmaga doly taýýardygyny we bu boýunça islendik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi.

Abdul Ghani Baradar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň utgaşdyryjy komitetiniň owgan bölegine ýolbaşçylyk edýär.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzajak 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Owgan ministri: Ähli owganystanlylar TOPH taslamasyny goldaýar.
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlanjakdygyny habar berdi
Ýakynda Aşgabatda TOPH taslamasynyň ýolbaşçy komitetiniň mejlisi geçiriler
Owganystan oktýabrda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlar
Talyplar TOPH gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meýilnamalary we gazyň bahasyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapary barada gürrüň berdiler