Owganystanda Akina - Andhoý demir ýolunyň galan bölegini gurmaga girişildi

Owganystanda Akina - Andhoý demir ýolunyň galan bölegini gurmaga girişildi

“Türkmendemirýollary” agentliginiň we Owganystanyň Demir ýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 5-nji iýunda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin bardylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy habar ýaýratdy.

Akina şäherinde Türkmenistanyň demirýolçularyny Owganystanyň Balh welaýatynyň Demir ýollar guramasynyň we beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 30 kilometre deň bolan bu demir ýoluň gurluşygy 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda başlandy.

Emma käbir sebäplere görä, şol sanda pandemiýa zerarly girizilen çäklendirmeler sebäpli, demir ýoluň 29 kilometri we 200 metri guruldy.Onuň galan 800 metriniň bir aýyň dowamynda gurlup tabşyrylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Akina-Andhoý demirýolunyň Owganystan bölegindäki gurluşygyny gaýtadan dikeltdi
Owganystanda Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygynyň galan işleri başlandy
Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär
Türkmenistan Owganystanda Akina-Andhoý demirýolunyň galan bölegini gurýar
Türkmenistan we Owganystan demir ýol pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
ПРЕСС-РЕЛИЗ: В АФГАНИСТАНЕ ВОЗОБНОВЛЕНО СТРОИТЕЛЬСТВО ЖЕЛЕЗНОДОРОЖНОЙ ВЕТКИ АКИНА-АНДХОЙ