Türkmenistan we Owganystan demir ýol pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Owganystan demir ýol pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Owganystanyň demir ýollary müdirliginiň başlygy Molla Baht Rahman Şarafat we Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow sişenbe güni Kabulda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda demir ýol pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, taraplar Türkmenistan tarapyndan demir ýol pudagynda okaýan owgan talyplaryna berilýän talyp haklary bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Bu barada Owganystanyň demir ýollary müdirliginiň metbugat beýanatynda habar berildi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen ilçisi ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge umyt bildirdi.

Iýul aýynda, Türkmenistanyň demirýolçulary we inženerleri Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin Owganystanyň Balh welaýatynyň Akina şäherine geldiler. Bu demirýol Türkmenistanda başlaýan Kerki-Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýolunyň bir bölegidir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Akina-Andhoý demirýolunyň Owganystan bölegindäki gurluşygyny gaýtadan dikeltdi
Owganystanda Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygynyň galan işleri başlandy
ПРЕСС-РЕЛИЗ: В АФГАНИСТАНЕ ВОЗОБНОВЛЕНО СТРОИТЕЛЬСТВО ЖЕЛЕЗНОДОРОЖНОЙ ВЕТКИ АКИНА-АНДХОЙ
Owganystanda Akina - Andhoý demir ýolunyň galan bölegini gurmaga girişildi
Türkmenistan Owganystanda Akina-Andhoý demirýolunyň galan bölegini gurýar
Türkmenistan Owganystana däne ýollady we howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýlaryň gowulaşandygyny belledi