ПРЕСС-РЕЛИЗ: В АФГАНИСТАНЕ ВОЗОБНОВЛЕНО СТРОИТЕЛЬСТВО ЖЕЛЕЗНОДОРОЖНОЙ ВЕТКИ АКИНА-АНДХОЙ

ПРЕСС-РЕЛИЗ: В АФГАНИСТАНЕ ВОЗОБНОВЛЕНО СТРОИТЕЛЬСТВО ЖЕЛЕЗНОДОРОЖНОЙ ВЕТКИ АКИНА-АНДХОЙ

“Türkmendemirýollary” agentliginiň we Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler. Türkmen bilermenleri şeýle hem öz ýanlary bilen ähli gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler.

Akina şäherinde Türkmenistanyň demirýolçularyny Owganystanyň Balh welaýatynyň Demirýollar guramasynyň we beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 30 km bolan bu demirýol ugrunyň gurluşygy 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda başlandy. Emma käbir sebäplere görä, şol sanda pandemiýa zerarly girizilen çäklendirmeler sebäpli demirýolunyň 29 kilometri we 200 metri guruldy. Bu demirýol ugrunyň galan 800 metri bir aýyň dowamynda gurlup tabşyryrylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Daşoguzda otly petekleri döwlet bahasyndan tas üç esse gymmada satylýar’
Tebigat biziň öýümiz
Çagalaryň oýun bäsleşigi
Lebapda otly we uçar petekleriniň gytçylygy korrupsiýany möwjedýär’
Jadyly ertekiler dünýäsi
Akyldar şahyra sarpa