Owganystanda azykyň garşysynda iş meýilnamasy başlandy

Owganystanda azykyň garşysynda iş meýilnamasy başlandy

Bugdaýň (azyk) garşysynda iş meýilnamasy Owganystanyň birnäçe welaýatynda Talybanyň wagtlaýyn hökümeti tarapyndan başlandy.

Owganyň (AVA) habarlar gullugynyň habaryna görä; Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň Oba hojalygy we suwaryş ministrliginiň işgärleriniň buýrugy bilen düýn (sişenbe) Owganystanyň 16 welaýatynda bugdaýň garşysynda işlemek meýilnamasy başlandy.bu taslama boýunça 16 welaýatyň ilatyna 21,000 tonna töweregi bugdaý iş üçin owgan halkynyň arasynda paýlanar.

Bugdaý paýlamak komitetiniň agzasy Muhammet Basir Hakýar: Zabul, Bamýan, Paktia, Paktika, Daikundi, Uruzgan, Khost, Maýdan Wardak, Nangarhar, Sar-e Pol, Gor, Kandahar, Helmand, Farah we Faryab taslamanyň durmuşa geçiriljek welaýatlarydyr diýip yglan etdi.

Owganystan häzirki wagtda guraklyk, ykdysady krizis we ýygy-ýygydan elektrik togunyň kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Birleşen Milletler Guramasy gyşda bu ýurtda açlygyň ýüze çykmagy we köp sanly raýatyň saglygynyň howpa düşmegi barada duýduryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda soňky bir günde şol bir wagtda 15 aýry ýerde çaknyşyklar boldy
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Türkmen hünärmenleri TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna iberilip başlandy’
4 müňden 6 müňe çenli jeňçi. BMG Owganystanda we sebitde YD-niň howpy barada duýduryş berdi
Owganystanda Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany Artdy
Owganystanda mekdebiň golaýynda partlama boldy