Owganystanda mekdebiň golaýynda partlama boldy

Owganystanda mekdebiň golaýynda partlama boldy

Owganystanyň Farah welaýatynda mekdebiň golaýynda bolan partlamada 21 adam ýaralandy.

Farah welaýatynyň Saglygy goraýyş edarasynyň müdüri Abdul Jabbar Şahik, ýaralananlaryň azyndan 10 sanysynyň mekdebiň okuwçylarydygyny, ýaralananlaryň 3-siniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny beýan etdi.

Farahyň welaýat Şurasynyň başlygy Dadullah Kani, Talibana agza başbozarlaryň bolsa Farah welaýatynyň Balabuluk etrabyndaky harby birikmä ýaragly we bombaly hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümde we hüjümden soň bolan ýaragly çaknyşykda taraplaryň ikisiniň hem ýitgi çekendigini aýdan Kani, kabir esgerleriň başbozarlar tarapyndan zamun alynandygyny beýan etdi.

Taliban tarapyndan waka bilen bagly entek beýanat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Taliban: "ABŞ Owganystanyň howa giňişligini bozýar"
Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy