Owganystandaky sil apatynda 12 adam ýogaldy

Owganystandaky sil apatynda 12 adam ýogaldy

Talibanyň wagtlaýyn hökümetiniň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Meýdan Wardak welaýatynyň Kelriz etrabynda başdan geçirilen sil apatynda 12 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Sil suwuna gapylan 40 adamyň entegem tapylmandygyny aýdan Müjahid, wakada ýaralanan adamlaryň hem bardygyny aýan etdi.

Müjahid ynsanperwer guramalaryna sil apatynyň başdan geçirilen sebite ynsanperwer we lukmançylyk kömekleriniň alynyp gidilmegi barada çagyryş berdi.

Sebitde ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Ýene degişli makalalar

'Taliban' häkimiýetiniň dört ýyllygynyň fonunda owgan türkmenleri bosgunlykda syýasy partiýa döretdi
Hindistan-Pakistan dartgynlylygy Türkmenistanyň iri energetika taslamasynyň geljegine kölege salýar
Russiýa,Talibanyň gadagan edilen “terror” guramalarynyň sanawyndan çykarylmagy üçin işe girişdi
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Taliban Şwesiýanyň Owganystandaky ähli işlerini togtatdy
Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi