Owganystanda soňky bir günde şol bir wagtda 15 aýry ýerde çaknyşyklar boldy

Owganystanda soňky bir günde şol bir wagtda 15 aýry ýerde çaknyşyklar boldy

Owganystanyň Goranmak ministrligi soňky 24 sagadyň içinde ýurdyň Bathyz, Logar, Farýab, Tahar, Daýkundi, Kandagar, Kunduz, Nangarhar, Hyrat, Helmand, Farah, Baglan, Uruzgan we Badahşan welaýatlarynyň 15 aýry ýerinde Talibanlylar bilen çaknyşyklaryň bolandygyny habar berdi.

Çaknyşyklarda 119 başbozaryň öldürilendigini, 84 başbozaryň bolsa ýaralanandygy, köp sanda ýaragyň we ok-däriniň ele salynandygy mälim edildi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa, soňky 24 sagatda howpsuzlyk güýçleri bilen bolan ýaragly çaknyşyklarda, 30-dan gowrak howpsuzlyk güýjüniň öldürilendigi öňe sürüldi.

Owganystanda maý aýynyň başyndan bäri daşary ýurtly harby güýçleriň çekilmäge başlamagyndan soň çaknyşyklar artdy.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşi, geçen hepde Talibanyň maý aýynda 1455 gezek hüjüm gurandygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan bolsa Talibanly başbozarlar soňky 2 aýyň içinde ýurdyň 15 etrabynyň gözegçiligini ele geçirdi.

BMG tarapyndan berilýän maglumata görä, Taliban ýurdyň territoriýasynyň 50-70 göterim aralygyny öz gözegçiliginde saklaýar.

Ýene degişli makalalar

Owganystan çaknyşyklarda 55 adamyň ýogalandygyny, Pakistan 415 terrorçynyň öldürlendigini aýdýar
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi
Owganystan Bilen Pakistanyň Arasyndaky Gümrük Geçelgesi Ýaňadandan Açyldy
Taliban, ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Owganystandaky Ilçihanalaryny Açmagyny Isledi
Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy