Owganystanda bolan ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Owganystanda bolan ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi trapyndan berilen beýanatda, güýç merkezi Bathyz welaýatynyň merkezi Kale-i New şäheriniň 41 km gündogary bolan 5,3 bal ululygyndaky ýer titremäniň ýeriň 18,8 km aşagynda emele gelendigi habar berildi.

Ýerli resmiler, Bathyz welaýatynyň Kads etrabynda bolan ýer titremede aralarynda çagalaryň hem bolan jemi 22 adamyň ýogalandygyny mälim etdiler.

Ýer titremäniň netijesinde şeýle hem 4 adamyň ýaralanandygyny aýdan resmiler, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini we ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini beýan etdiler.

Bathyz welaýatynyň Mukur etrabynda hem käbir öýleriň ýumrulandygy we ýaralanan adamlaryň bardygy habar berildi.

Ýer titreme ýurdyň günbataryndaky Hyrat we Farah welaýatlarynda duýuldy.

Ýene degişli makalalar

TIKA Owganystanyň günbataryndaky mätäç 600 maşgala azyk kömegi berdi
Owganystanda soňky bir günde şol bir wagtda 15 aýry ýerde çaknyşyklar boldy
Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt elektrik energiýasyny iberer
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi