TIKA Owganystanyň günbataryndaky mätäç 600 maşgala azyk kömegi berdi

TIKA Owganystanyň günbataryndaky mätäç 600 maşgala azyk kömegi berdi

TIKA-nyň Hyrat şäherindäki ofisinden berilen beýanata görä, Owganystanda oraza aýyndaky ýardam işleriniň çäginde ýurduň günbatar welaýatlary bolan Hyrat, Nimruz, Farah we Bathyz welaýatlarynda 600 maşgala azyk kömegi paýlandy.

Her bir maşgala 2 aý ýetjek derejede un, tüwi, ýag, noýba, ýaşyl merjimek, pomidor pastasy, çaý we şeker ýaly adaty önümler berildi. Paýlanşykda maýyplar, garry adamlar we dul aýallar ileri tutuldy.

Kömekleriň oraza baýramy günlerinde hem dowam etjekdigi we oraza aýynda 30 tonnadan gowrak ynsanperwer kömekleriň mätäç bolan adamlara ýetirilendigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda soňky bir günde şol bir wagtda 15 aýry ýerde çaknyşyklar boldy
Owganystanda bolan ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy
Owganystanda Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany Artdy
Türkmen hünärmenleri TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna iberilip başlandy’
Kabul we Aşgabat owgan sarp edijilerini türkmen elektrik togy bilen üpjün etmek baradaky şertnamany uzaldar
Owganystanda mekdebiň golaýynda partlama boldy