Owganystanyň gündogarynda zümerret gazyp almak başlandy

Owgan häkimiýetleri ýurduň gündogaryndaky Panjşir welaýatynyň magdanlaryndan zümerret çykaryp başlady. Bu barada 8-nji awgustda owgan hökümeti tarapyndan berlen beýanatda aýdylýar.

Syýasy durnuksyzlyk sebäpli Panjşiriň zümerretleri soňky onýyllyklarda şahsy adamlar tarapyndan bikanun gazylyp alyndy. Ýokary hilli gymmat bahaly daşlar hökmünde bu zümerretler dünýäniň işewür toparlarynda uly meşhurlyga eýedir.

Welaýatyň magdanlar we nebit pudagynyň başlygy Mawlawi Muhammet Kasym Amiri, resmi wekilleriň, taýpa ýaşulularynyň we dindarlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada zümerret ýataklarynyň deňiz derejesinden 4 müň metr belentlikdäki daglarda ýerleşýändigini aýtdy. Olary çykarmak üçin magdançylar pyýada çykmaly we ýönekeý gurallary ulanmaly.

Ýerli ýaşaýjylar zümerret gazyp almak başlangyjyny gutlap, munuň täze iş ýerlerini döretjekdigini aýtdylar.

Owganystandaky täze hökümet 2021-nji ýylyň awgust aýynda häkimiýet başyna geleli bäri ýurduň ykdysadyýetini durnuklaşdyrmak üçin kömür, demir, gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlar ýaly birnäçe dag-magdan kompaniýalary bilen birnäçe şertnama baglaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat öz TOPH kynçylyklaryny ABŞ sanksiýalary bilen baglamaga 'çalyşýar'
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Eýran bilen Türkmenistanyň telekeçileri söwda mümkinçiliklerini giňeltmegi maslahatlaşdylar
Kabulda Owganystana goňşy ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady