Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäginde YD-nyň täze toplanan 300 nökerine tälim berilýär

Jowuzjan welaýaty

Owganystanyň “Pajhwok” habar gullugy Türkmenistan bilen araçäkleşýän Jowujzan welaýatynyň Darzab etrabynda “Yslam döwleti” toparynyň täzelikde jemlenen 300-e golaý söweşijisiniň türgenleşik geçýändigini habar berýär.

Etrap häkimi Baz Mohammad Dawar Могул obasynda köp adamly ýygnak geçirilendigini we bu üýşmeleňiň täze söweşijileri çekmek kampaniýasynyň bir bölegi bolandygyny aýtdy.

Muhammad Dawaryň sözlerine görä, YD 20 ýaşa çenli bolan ýaş ýigitleri saýlap almaga çalyşýar, olara 30-40 müň owgany ($434-$580) aýlyk berilýär. Türgenleşikden soň ýaş söweşijileri owgan ýaragly güýçleriniň garşysyna uruşmaga iberýerýärler diýip, Dawar sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýaş adamlaryň arasynda YD-nyň hatarlaryna goşulýanlaryň barha köpelýändigini ýerli geňeşiň agzasy Halima Sadaf hem tassyk etdi. Onuň sözlerine görä, bu etrabyň adamlary ilatyň az ýerlerinde ýaşaýarlar we YD-nyň goýýan şertlerine tabyn bolmaly bolýarlar.

Darzab etraby Jowuzjanyň paýtagty Şybyrgandan (Sheberghan) günbatarda, 105 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu welaýatyň uly territoriýasy YD söweşijileriniň kontrollynda galýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Owganystana iberýän elktrik toguny iki esse gymmatlatdy we togtatdy
Türkmenistanda güýçlenen barlaglaryň howpsuzlyk aladasy bilen baglydygy aýdylýar
ABŞ Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän welaýatlarynda YD-a garşy ýörite operasiýa geçirer
Türkmenistanda metjitler açylýar, Owganystandaky maşgalalara ynsanperwer kömekler berilýär, Turkish Airlines 8-nji aprelde ýörite uçuş amala aşyrar we beýleki täzelikler
Türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-goýberiş nokatlary bökdençsiz işleýär
Türkmenistan bilen serhetdäki owgan etraby YD-nyň kontrollygyna geçdi