Türkmenistan Owganystana iberýän elktrik toguny iki esse gymmatlatdy we togtatdy

Owganystanyň “1tvnews” neşiriniň habar bermegine görä, Türkmenistan 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna iberýän elektirk togunyň bahasyny iki esse gymmatlatdy.

Eger-de ozal 1 kilowat tok $0,02 (2 amerikan senti) bolan bolsa, Türkmenistan täze ýyldan eýýäm 1 kilowat tok üçin $0,04 soraýar.

Bu barada demirgazykdaky owgan welaýaty Hyratyň wekilleri gürrüň berdiler we ilatyň import edilýän toguň bahasynyň gymmatladylmagyna garşy kampaniýa gatnaşmaga çagyrdylar.

Owganystanyň hökümeti şertnamany täze şertlerde baglaşmakdan ýüz öwürdi we türkmen tarapy şu sebäpden Hyrat, Farýap, Sari-Pul we Jowuzjan welaaýatlaryna tok ibermegini bes etdi.

Ejir çeken regionlary tok bilen üpjün etmek üçin bu ýere wagtlaýyn Eýrandan alynýan elektrik togunyň bir bölegi gönükdirildi.

“Pajhwok” habar agentliginiň maglumatyna görä, Farýap welaýatynyň ýaşaýjylary owgan hökümetini ýurduň suw serişdelerini ulanyp, Owganystanda gidro elektrik stansiýasyny gurmaga hem-de import edilýän elektrik energiýasyna garaşlylykdan çykmaga çagyrýarlar.

Ýene degişli makalalar

Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäginde YD-nyň täze toplanan 300 nökerine tälim berilýär
Türkmensitan TOPH-yň howpsuzlygy barada aladalanýar
Türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýy näme sebäpden ýaramazlaşýar?
Türkmenistanda güýçlenen barlaglaryň howpsuzlyk aladasy bilen baglydygy aýdylýar
ABŞ Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän welaýatlarynda YD-a garşy ýörite operasiýa geçirer
Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberdi