Ozalky meşhur futbolçy tälimçilik wezipesinden boşadyldy

Angliýanyň “Premier Ligasynda” yzygiderli şowsuz netijelerden soň “Aston Willa” kluby toparyň tälimçisi Stiwen Jerrardy wezipesinden boşatdy.Topar soňky tapgyrda “Fulhamdan” 3-0 hasabynda asgyn geldi.Bu duşuşykdan soň toparyň ýolbaşçylary Jerrard bilen ýollaryny aýyrmagy makul gördi. 2018-2021-nji ýyllar aralygynda “Reýnjers” toparyna tälim beren Jerrard geçen ýylyň noýabrynda “Aston Willanyň” tälimçiligine bellenipdi.

Topar onuň tälimçiliginde geçen möwsümi 14-nji orunda tamamlapdy.Täze möwsüme-de juda şowsuz başlan “Aston Willa” 11 oýunda 9 utuk toplap, 17-nji orunda barýar.

Ýene degişli makalalar

92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
Stiwen Jerrard Al-Ittifakyň baş täimçisi boldy
“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun
Awazada halkara festiwal badalga aldy, Türkmenaragatnaşyk hünär ussatlygy boýunça bäsleşigiň jemini jemledi, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistan bilen duşuşar we beýleki habarlar
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Dünýäniň iň gymmat 30 kluby