Stiwen Jerrard Al-Ittifakyň baş täimçisi boldy

Stiwen Jerrard Al-Ittifakyň baş täimçisi boldy

Liwerpulyň ozalky futbolçysy, Aston Willa bilen Reýnjersiň ozalky tälimçisi Stiwen Jerrard tälimçilik ýoluny Saud Arabystanynyň Al-Ittifak toparynda dowam eder. Bu barada Çempionat italiýaly žurnalist Nikolo Skira salgylanyp habar berdi.

Mundan ozal angliýaly tälimçi bilen grekleriň Olimpiakos, türkleriň Trabzonspor toparlarynyň hem gyzyklanandygy habar berlipdi. Aston Willa Jerrardy geçen ýylyň oktýabr aýynda işden boşadypdy. Häzire çenli ol işsiz boldy.

Al-Ittifak Saud Arabystanynyň çempionatynyň geçen möwsümini ýedinji orunda tamamlady. Stiwen Jerrarddan soň ykbalyny Unai Emerä ynanan Aston Willa hem APL-i ýedinjilikde tamamlady.

Saud Arabystanynyň çempionatynda Kriştianu Ronaldu, Karim Benzema ýaly dünýä ýyldyzlarynyň futbol oýnaýandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

APL: Nýukasl ikinji orna geçdi
Arsenal birinjiligi elden bermedi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Çelsi ýene-de ýeňildi
APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda
Çelsi Enso Fernandesi düzümine goşdy