Pakistan Gollandiýada Gurhana Edilen Äsgermezçiligi Ýazgardy

Pakistan Gollandiýada Gurhana Edilen Äsgermezçiligi Ýazgardy

Pakistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Gagada Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlar bilen bilelikde käbir ýurtlaryň ilçihanalarynyň önün Gurhana guralan hüjüm “manysyz we iňňän agressiw” hökmünde häsýetlendirildi.

Beýannamada Gurhana edilen äsgermezçiligiň dünýäniň çar tarapynda ýaşaýan musulmanlaryň duýgularyny ynjydýan, bilkastlaýyn meçew beriji we İslamafobik aksiýadygyna üns çekilip, şeýle aksiýalara söz, pikir we ýöriş gurama erkinligi saýawany astynda geçirimlilik edilmeli däldigi nygtalýar.

Pakistanyň söz azatlygynyň borçlarynyň bardygyna ynanýandygy nygtalyp, hökümetleriň dini duşmançylyklara meçew berýän rasist we İslamafobik aksiýalaryň öňüni almalydygy bellenilýär.

Beýannamada Pakistanyň aladalarynyň Gollandiýanyň degişli edaralaryna ýetirilendigi, şeýle hoşniýetsiz we İslamafobik aksiýalaryň öňüni almagy üçin resmi Amsterdama çagyryş edendigi habar berilýär.

Gollandiýada aşa rasist we sağjy Günbataryň yslamlaşmagyna garşy watansöýer ýewropalylar hereketiniň lideri Edwin Wagensweld 23-nji senýtabrda Türkiýe bilen bilen bilelikde käbir ýurtlaryň Gaga şäherindäki İlçihanalarynyň öňünde ýene-de bir gezek Gurhany ýyrtypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Miras ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türk: Gurhana Edilýän Äsgermeçilikleri Kabul Edilmesiz
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Häkimiýetler Mawlid baýramy sadakalary üçin telekeçilere azyk, pul 'salgydyny' saldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny