“Palestinaly Doganlarymyzy Asla Ýalňyz Goýmarys”

Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýän Bütindünýä Hökümetara sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Prezident R. T. Erdogan “Palestinaly doganlarymyzy asla ýalňyz goýmarys” diýdi.

Sammitde çykyş eden Erdogan, “Özüni halkara hukukdan üstün görýän Ysraýyl, onlarça ýyldan bäri edýän zulumyndan we gyrgynçylyk syýasatyndan ýüz öwürmeli” diýip belledi.

“Sebitimizde parahatçylyga, durnuklylyga we ykdysady galkynyşa tarap barýan ýol, Palestina döwletiniň gurulmagyndan geçýär” diýen Erdogan “Ysraýyl yzygiderli parahatçylyk isleýän bolsa basyp alyşlygyndan ýüz öwürmeli, 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagyny kabul etmeli” diýdi.

Prezident Erdogan “1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda, paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan özbaşdak we garaşsyz Palestina döwleti gurulmaly. Palestinaly doganlarymyzy asla ýalňyz goýmarys” diýdi.

Beýleki tarapdan sammitiň çäginde özara duşuşyklar hem geçirýän Prezident Erdogan, Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.

Duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, duşuşykda, Türkiýe bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler, Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri meselesi seljerildi.

Beýannamada, Prezident Erdoganyň, terrora garşy göreşde iki ýurduň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidigine we Türkiýäniň ähli terror guramalaryna garşy alyp barýan egilşiksiz göreşiniň dowam etjekdigine ünsi çekendigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Bilen Duşuşar
Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi
Palestin Göreşini Goldamaga, Ecir Çekýän Palestin Halkyny Gorgama Dowam Ederin
“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Prezident Erdogan indoneziýaly kärdeşi Subianto bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy