Prezident Erdogan indoneziýaly kärdeşi Subianto bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan indoneziýaly kärdeşi Subianto bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Indoneziýanyň arasyndaky gatnaşyklar we global meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Saýlawda gazanan üstünligi bilen Prabowo Subiantony gutlan Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan täze döwürde-de Türkiye bilen Indoneziýanyň arasyndaky berk gatnaşyklaryň has hem özgerjekdigine, iki ýurduň goranyş senagaty, harby, söwda, maliýe başda bolmak bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn ynam we ýurtlaryň bähbitleriniň çäginde ösdüriljekdigi baradaky tamalaryny beýan etdi.

Prezident Erdogan Palestina dawasyny we Yslam dünýäsini gyzyklandyrýan ähli ugurlarda Indoneziýa bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmekleriniň möhümdigini, iki ýurduň arasynda ýola goýulan Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahatynyň iň amatly wagtda geçirilmeginiň zerurdygyny habar berdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Indoneziýanyň prezidenti Prabowo Subiantony Oraza baýramy bilen hem gutlady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fidan: "Türkiye Ysraýyla garşy gozgalan genosid bilen bagly kazyýet işine goşular" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan gambiýaly kärdeşi Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi
Palestin Göreşini Goldamaga, Ecir Çekýän Palestin Halkyny Gorgama Dowam Ederin