Pandemiýadan has uly zyýan çeken ýurtlar belli edildi

Pandemiýadan has uly zyýan çeken ýurtlar belli edildi

Analitikler koronawirus pandemiýasy we serhetleriň ýapylmagy sebäpli, has uly zyýan çeken daşary ýurtlaryň syýahatçylyk ugurlaryny belli etdiler. Bu barada Day.Az-yň bellemegine görä, “Travel Daily News” habar berdi.

Sanawda birinji orny Günorta-Hytaý deňzindäki Makao adasy eýeleýär. Analitikler 2020-nji ýyla çenli bu ýere syýahatçylyk akymynyň 3,3 mln adama ýetendigini belleýärler. Häzirki wagtda her aýda Makao, takmynan, 491 müň syýahatçy barýar.

Ikinji orny Kipr eýeleýär 2019-njy ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda adada dynç alýanlaryň sany 84,1 göterim azaldy. Iň köp zyýan çeken ýurtlaryň we sebitleriň arasynda üçünji orny Malaýziýa eýeledi.

Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler maliýe taýdan bu pandemiýanyň Tailanda ýaramaz täsir edendigini bellediler syýahatçylaryň sany aýda 3,3 million adamdan 500 müňe çenli azaldy. Çäklendirmeleriň netijesinde patyşalyk JIÖ-iň 21 göterimini ýitirdi, ýitginiň umumy mukdary 13,4 milliard dollara ýetdi.

Mundan başga-da, pandemiýa Fransiýanyň, Portugaliýanyň, Gresiýanyň, Täze Zelandiýanyň, Mawrikiýniň, Şri-Lankanyň we Filippinleriň syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsir etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan JIÖ-niň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdebaryjy boldy
2022-nji ýylyň bäş aýynda Azerbaýjanyň JIÖ-i 7 göterimden geçdi
Türkiýäniň JIÖ-i birinji çärýekde 7,3 göterim ösüş görkezdi
Hünärmenler: iň baý 10 adamyň baýlygy Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 40%-iniň umumy baýlygyndan ýokarydyr
Gyrgyzystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Gyrgystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Ýaponiýanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 2021-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça 2,1% artdy