Papa Trampyň tankydy belliklerine garamazdan söweşe garşy durmaga dowam etjekdigini aýtdy

Papa Trampyň tankydy belliklerine garamazdan söweşe garşy durmaga dowam etjekdigini aýtdy

Dünýäde 1,4 milliard agzasy bolan Katolik buthanasynyň lideri Papa Leo, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň özü hakyndaky tankydy belliklerine garamazdan söweşe garşy durmaga dowam etjekdigini aýtdy.

4 Afrika ýurduny öz içine alýan 10 günlük saparyna Alžirden başlajak Papa uçarda metbugata beýannama berdi.

Papa iňlis dilinde beren beýannamasynda “Onuň bilen jedelleşmek islemeýärin. Injiliň ýüzlenmesiniň käbir ynsanlaryň edişi ýaly erbet maksatlar üçin ulanylmaly däldigini nygtaýaryn” diýdi.

Papa “Söweşe garşy durmaga, parahatçylygy höweslendirmäge, döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we başdan geçirilýän kynçylyklary gepleşik arkaly çözülmegi üçin tagalla etmäge dowam ederin” diýdi.

ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy alyp barýan söweşini tankyt etdi

Papa “Şu günki günde dünýäde gaty köp adam ejir çekýär. Bigünä adamlar öldürilýär. Kimdir biri öňe çykyp başga çykalganyň bardygyny aýtmaly.

Buthananyň adyndan, öz adymdan we Injiliň adyndan: parahatçylyga goldaw berýänler nähili bagtyýar diýýärin. Men öz rolymy syýasy ýada syýasatçy hökmünde görmeýärin” diýdi.

Asly Çikagoly bolan Papa Leo, soňky hepdelerde ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy alyp barýan söweşini berk tankyt edipdi we şenbe güni beren parahatçylyk çagyryşynda söweşi ýazgarypdy.

Tramp bolsa ýekşenbe güni beren beýannamasynda, Papanyň hem çaknyşyk hem-de Ak Tamyň alyp barýan bosgunlar syýasaty hakyndaky tankydy belliklerine garşylyk görkezipdi.

Tramp Trut sosial arkaly beren habarnamasynda “Papa Leo XIV jenaýatlar meselesinde gowşak we daşary syýasat boýunça tejribesiz” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Papa Eýran söweşiniň bes edilmegi üçin Trampa çagyryş etdi
Tramp Rim Papasyny berk tankyt etdi
Rim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy
Watikana Benedikt XVI bilen hoşlaşmak üçin müňlerçe katolik ýygnandy
Watikan, Türkiýäniň Töwellaçylyk Tagallalaryna Kanagatlanma Bildirýär
Papa Frankis Ýer Titremesinde Ejir Çekenler Bilen Arkalaşyk Üçin Çagyryş Etdi