Papaýalar maşgalasyna degişli bolan papaýa (“Carica papaya”) dünýäniň iň täsin ösümlikleriniň hasaplanýar.Tropik howaly ýurtlarda bitýän bu ösümligiň ýaşyl reňkli, ullakan ýapraklary bolýar.agajyň uzynlygy 4-8 metre ýetýär.
Gülleri ak-sary owadan reňkli.Agajyň iri miweleri gawuny ýadyňa salýar. Şol sebäpli bu miwä “Gawun agajy” hem diýilýär.Bu agajyň miwesinde köp mukdarda süýt kislotasy, mikroelementler we witaminleri saklanýar.
Iýmit hökmünde peýdalanylýan miwesi saglyk üçin hem paýdalydyr.Bu ösümlik dürli ýurtlarda dürlüçe atlandyrylýar.Oňa Meksikada “Saglyk agajy” diýilýär.Papaýa agajynyň müňden gowrak sorty alymlar anyklanypdyr.
Bişen miweleri sortuna görä gyzyl, ýaşyl, sary, altynsow öwüşginli bolup, agramy 0,5-7 kg çenli aralykda bolýar.Papaýanyň miwesiniň diňe daşky görnüşi, ölçegi gawuna meňzeş bolman, himiki düzümi hem gawuna meňzeýär.
Papaýa agajyny ýyladyşhana şertlerinde hem ýetişdirip bolýar.
Ogulnur MUHANOWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby