Parižde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi

Parižde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi

2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosiped ýörişini gurnady. Bu möhüm çärä diňe Ilçihananyň işgärleri we olaryň maşgalalary däl, eýsem Parižde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Parižyň uniwersitetlerinde okaýan türkmen we fransuz talyplary gatnaşdy.

Welosiped ýörişi Eýfel diňiniň golaýyndaky meşhur Champ de Mars seýilgähinden başlandy we Parižiň iň ajaýyp ýerlerinden, şol sanda Kuaý Branly muzeýinden (Que Branly), Aleksandr III köprüsinden, Inwalidler köşgünden, ÝUNESKO-nyň baş edarasyndan, "Grand Palais Éphèmère" ("Grand Palais Ephemeral"), harby mekdep we beýleki ýerlerden geçdi. Ýörişe gatnaşanlar türkmen lybaslary we sport eşiklerinde, Türkmenistanyň baýdaklaryny ellerinde götermek bilen Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygyny görkezdiler.

Çärede Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport pudagynda gazanan üstünlikleri, şeýle hem Bütindünýä welosiped gününi döretmek we şol sanda sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek üçin alyp barýan başlangyçlary barada jikme-jik beýannama berildi hem-de BMG-de Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek rezolýusiýasynyň kabul edilmegi barada belläp geçildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köpçülikleýin çäreler bilen bellär
Balkanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, köçeler ýapyldy
Maryda welosipedli ýörişiň maddy çykdajylary ýene býujetçileriň “gerdenine ýüklendi”
Türkmenistanda 335 kilometrlik welosipedli ýörişe badalga berildi
Tigirli ýörişlere mejbury çekilen käbir býujet işgärleriniň burny ganady, käbirleri huşuny ýitirdi
Garadagda Palestina Goldaw Ýörişi Geçirildi
Balkanda Bütindünýä saglyk gününde köçeler ýapylyp, welosiped ýörişleri geçirildi