Parižde Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumy geçiriler

Parižde Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumy geçiriler

Geljek ýylyň 24-25-nji aprelde Fransiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumy geçiriler. Halkara forum Türkmengaz, Türkmennebit döwlet konsernleri, Türkmenengeologiýa döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen Forumy hojalyk jemgyýeti we GaffneyCline iňlis kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralar diýip, OGT-niň metbugat gullugy habar berýär.

Bu çäräniň maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli segmentlerine göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny güýçlendirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat diýlip, habarda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, forumyň çäklerinde nebit we gaz öndürmek, ulag we ýangyjy gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegine serediler. Foruma dünýä belli hünärmenler we halkara energetika ägirtleri gatnaşarlar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” halkara forum geçiriler
Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşar
“Eni Turkmenistan Limited” “OGT 2023” forumynyň bürünç hyzmatdaşy boldy
Dubaýda OGT 2023 Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
SOCAR “OGT 2023” halkara maslahatynyň we sergisiniň premýer hyzmatdaşy boldy
“Baker Hughes” amerikan kompaniýasy OGT-2023 forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy