Maral Jumaýewa
Soňky ýyllarda paýtagtlylaryň agalygy we welaýatly ildeşlerimiziň üzňeleşdirilmegi kem-kemden güýjeýär. Bu çagalardan başlap, ululylara çenli ýaramaz täsirini ýetirýär.
Tanyşlarymdan biri şeýle diýdi: “Bir gün çagalarymy çagalar meýdançasyna alyp gitdim.Oturan ýerimden birneme aňyrda 5-6 sany 10-11 ýaşly çaga üýşüpdir we bir çagany oýunlaryna goşanoklar. “Sen welaýatdan gelen.
Seň ejeň, kakaň Lebaply we Daşoguzly.Sen tatça gürleýäň, paýtagtly (mestnyý-rus.) däller garyp bolýar” diýişip, gülüşdiler. Özüm hem welaýatdan bolamsoň, çagalardan bolsa-da, muny eşitmek ýokuş degdi.
Eger çagalar hem şeýle diýmäge başlan bolsalar, onda welaýatlylara garşy kemsitmeleriň çakyndan çykandygyna düşündim.Bu gaty lapykeç ediji ýagdaý. Jemgyýetimizde welaýatlylaryň çetleşdirilmesi, kemsidilmesi barada açyk aýdylmaýan hem bolsa, ýazylmadyk düzgünler hereket edýär.
Eýse, bu agalyk nädip döredi?
Aşgabadyň paýtagtdygy sebäpli iş orunlarynyň, okuw jaýlarynyň, uly edaralaryň ähli zadyň merkezi bu ýerde. Ýurduň beýleki sebitleriniň paýtagt bilen deň derejede ösmezligi welaýatlylary paýtagta iş we beýleki gowy mümkinçilikler üçin köpçülikleýin göçmäge iterdi.
Bu ýagdaý 2005-nji ýyldan soň hasam artdy.Soňra Aşgabatda hemişelik ýazga durmak (propiska) has kynlaşdy we ýatyryldy.
Welaýatlylara bolsa paýtagtda işlemek üçin rugsatnamalar alynmaly edildi. Şeýlelikde, paýtagtly bolmak “lýuks” bir zada öwrüldi. Paýtagtlylar artykmaç deňsizlik döredýän mümkinçiliklerden peýdalanyp başladylar. Meselem, paýtagtlylar maşynlary bilen ähli welaýatlara meselesiz baryp bilýärler. Emma, Ahaldan beýleki welaýatlylara paýtagta maşynly girmek rugsat edilmeýär.
Iş üpjünçiligindäki deňsizlikler
Esasan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ilatyň köplügi we iş ýerleriniň gytlygy zerarly olar paýtagta ýa-da daşary ýurtlara işlemäge gitmeli bolýarlar.
Aşgabatdaky hususy edara-kärhanalaryň dört welaýata seredeniňde paýtagtlylary we ahallylary işe almak ähtimallygy ýokary. Çünki, beýleki dört welaýatdan işgär almak üçin aýratyn resminamalary doldurmaly we Zähmet hem ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden rugsatnama almaly. Üstesine-de, bulary her ýyl täzeläp durmaly.
Bu bolsa, iş beriji üçin artykmaç hysyrdy we çykdajy.Hökümet edaralarynda hem ahally we paýtagtly raýatlaryň iş üpjünçiligi mydama ileri tutulýar.
Welaýatlylara garşy şeýle kemsitmeleriň ösmegi paýtagtlylaryň baýlaşmagyna we welaýatlylaryň garyplaşmagyna getirdi. Ýaşaýyş şertleriniň öwerlikli däldigi zerarly, ýurduň beýleki ýerlerine seredeniňde, Lebabyň we Daşoguzyň ilaty daşary ýurtlara işlemäge köp gidýärler.
Bu ýagdaý halkyň aňynda şol welaýatlaryň gyzlary “bozuk” diýen stereotipi ornaşdyrdy.Mysal üçin, daşary ýurtda işläp gelen Lebaply, Daşoguzly gyzlary türkmençilräk maşgalalar ogullaryna alyp bermeýärler. Ýa-da erkekler şol gyzlar barada köplenç “azgyn” diýip pikir edensoňlar, olara köp lak atýarlar ýa olar bilen “bir-iki günlük oýun edip bolar” diýip hasaplaýarlar.
Ylym-bilimdäki deňsizlik
Hatda ylym-bilim almakda hem paýtagtlylaryň we welaýatlylaryň deň bolmadyk hukuklary bar. Ýagny, welaýatlylaryň ýurtdaky ýokary okuw jaýlaryna girmek kwotasy hem paýtagtlylara garanda az.
Welaýatlarda paýtagtdaky ýaly güýçli bilim berýän mekdepler ýok diýen ýaly.Paýtagtda welin, welaýatlylar çagalaryny gowy mekdeplerde okatmak isleseler-de, olary welaýatdan bolandygy üçin mekdebe almaýarlar.
Eger welaýatdan bolup Aşgabatda işleseň, düzgüne görä çagalaryňy diňe ýaşaýan ýeriňe iň golaý mekdepde okadyp bolýar. Şol mekdepde ýer bolmadyk ýagdaýynda, bilim müdirligi çagany paýtagtyň islendik ýerindäki mekdebine ýerleşdirip bilýär.
Ýagdaýlaryň ýene-de bir amatsyz ýeri, bu paýtagtly çagalaryň düşünjesine we häsiýetine täsirini ýetirip başlady.
Paýtagtly çagalar indi özleriniň artykmaç hukuklarynyň bardygyny, welýatlylara görä gowy durmuşda ýaşaýandyklaryny, hil taýdan gowrak bilim alýandyklaryny bilensoňlar, “biz üstün” diýen düşünje olaryň ulumsylygyna we kemsidiji sözleri ulanmagyna (“tat,” “gelmişek,” “welaýatlylar wagşy (dikiý-rusça)”) sebäp boldy.
Bu meseleleri nädip çözüp bolar?
Danalaryň biriniň aýdyşy ýaly: “Ömrüňde ýekeje adamy düzetmek ýeterlikdir.Ol hem özüňsiň”.Meniň pikirimçe, her adam özüni terbiýelemeli we kellesinden deňsizlik düşünjesini aýyrmaly.
Her birimiz kemsitme/çetleşdirme ýaly zatlaryň erbetdigine akyl ýetirsek, dürli ýerlerden bolsagam, ählimiziň bir döwletiň raýatydygymyza düşünsek, tire-taýpa, millet saýlamazdan, birek-birege hormat, adamkärçilik bilen çemeleşsek, bu meseleleri azaldyp bileris.
Eger ýolda-yzda ýa köpçülikde kemsidilmä/çetleşdirilmä duşsaň, gazaba münmezden, mylakatly äheňde kemsidýän adama hemmämiziň deň hukugymyzyň bardygyny (Baş Kanunda 28-nji madda) ýatlatmak, welaýatlylaryň mümkinçilikleri we deňsizligi barada pikirlenip, olaryň ýerine özüni goýup görmegini soramak we düşündirmek ýerlikli bolarmyka diýýärin.
Hatda gozgalýan meseleler barada türkmen häkimiýetlerinden kommentariýa alyp bolmaýar. Okyjymyzyň pikirlerini “Türkmenistanyň Hronikasy” paýlaşmaýar.The post Paýtagtlylaryň agalygy welaýatlylara nähili täsir edýär? (Okyjymyzyň haty) first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.