Paýtagtymyzda Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkara sergisi açyldy

Şu gün Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkara serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Bu çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Sergide ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitleri, ägirt uly kuwwaty, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary öz beýanyny tapýar.

Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkara sergi 12-nji oktýabra çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler
Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara forum öz işine başlady
Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagyna goşant goşan ogul-gyzlara belent hormat
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň adam hukuklary boýunça sebit wekili bilen duşuşdy, Aşgabatda Eksporty dolandyrmak atly tölegsiz okuw maksatnamasyna ýazylyşyk açyldy, Türkmenistanda Spelling bee bäsleşiginiň milli tapgyry geçirildi
Türkmenistanly taekwondoçylar Belarusda geçirilen Dünýä kubogynda 10 medal gazandylar
Taekwondo boýunça sport ýaryşy geçirildi