Peskow Ukrainanyň Buça şäheri bilen bagly öňe sürmeler barada beýannama berdi

Peskow Ukrainanyň Buça şäheri bilen bagly öňe sürmeler barada beýannama berdi

Russiýanyň hökümediniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, ýurdunyň Ukrainanyň Buça şäheri bilen bagly günäkärlemeleri kabul etmeýändigini habar berdi

Russiýanyň hökümediniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, paýtagt Moskwa şäherinde mesele bilen bagly beýannama berdi.

Ukrainanyň Buça şäherinde alynan surat we wideo materillaryň üstünde durup geçen Peskow, ol ýerde asuda halkyň öldürilmegi bilen bagly maglumatlaryň derňelmeginiň gerekdigini beýan etdi.

Peskow: "Görülen materiallara ynanmaly däldiris. Goranmak ministrligimiziň hünärmenleri suratlaryň we wideo materiallaryň galpdygy baradaky delilleri anyklady" diýip habar berdi.

Ýurtlaryň liderlerini Buça şäherindäki ýagdaý bilen baglanşykly subutnama bolmadan beýanat bermäge gyssanmaly däldigini we tapawutly çeşmelerden maglumat talap etmelidiklerini aýdan Peskow: "Günäkärlemeleriň hiç birini kabul etmeýäris. Mundan başgada bu meseläniň iň ýokary derejede maslahatlaşylmagynyň gerekdigini pikir edýäris" diýip beýan etdi.

Bu meseläni BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde maslahatlaşmagy teklip edendiklerini aýdan Peskow, emma şol teklibiň ret edilendigini aýan etdi.

Emma Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Russiýa garşy girizmegi meýilleşdirýän 5-nji sanksiýa bukjasynyň häzirki ýagdaýy bilen ýeterlik derejede bolmandygyny habar berdi.

Twitter hasabyndan wideo ýüzlenme beren Kuleba, soňky birnäçe hepde bäri ÝB-niň Russiýa garşy girizilmegi meýilleşdirilen 5-nji sanksiýa bukjasynyň üstünde işleýändigini ýatladyp: "Bäşinji sanksiýa bukjasy Russiýanyň agressiýasyna we rus jenaýatlaryna ýeterlik derejede jogap däl" diýip nygtady.

Kuleba, meýilleşdirilen sanksiýa bukjasynyň düzümini bilýändigini we häzirki ýagdaýy bilen kabul edilen halatynda, köpçülikleýin çykyşlar etmek we häzirki ýagdaýa proporsional bolmadyk reaksiýanyň bitarap netijelendirmesini durmuşa geçirmek ýaly çäreleri görmäge mejbur galjakdyklaryny habar berdi.

ÝB-niň Russiýa garşy sanksiýalaryny artdyrmagynyň gerekdigini aýdan Kuleba, ÝB-niň 5-nji sanksiýa bukjasynyň düzüminde SWIFT ulgamyndan kesilen has köp rus banklarynyň bolmagy, Russiýanyň nebitine, gazyna we kömürine embargo goýulmagy we ÝB-däki portlaryň rus gämilerine we önümlerine ýapylmagy ýaly kararlaryň bolmalydygyny habar berdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Peskow Günbatar Ýurtlaryna Degişli Gaýtawulyň Görkeziljekdigini Aýtdy
Russiýada Goranmak ministriniň orunbasary derňew tapgyrynda tussaglykda saklanar
Peskow Türkiye-Russiýa gatnaşyklary barada beýannama berdi
Peskow: "ABŞ-nyň asyl aladasy ukrainalylar däl, amerikalylaryň özleri" diýdi
Putin Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny yglan etdi
Eýranyň Prezidenti 7-nji dekabrda Russiýa barar
“ÝB-niň Ukraina Maliýe Kömegini Bermegi Kynlaşdy”