Peterburg Türkmenistan üçin birleşdirilen materiallardan gämiler gurar

Peterburg Türkmenistan üçin birleşdirilen materiallardan gämiler gurar

Sankt Petergburgda Türkmenistan üçin gämiler gurlar.Bu barada demirgazyk paýtagtyň häkimi Aleksandr Beglow Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen bagly Aşgabada sapary barada aýtdy diýip Sankt Peterburg telekanalynyň saýtynda habar berilýär.

“Peterburgly gämi gurujylar Türkmenistana dürli materallardan gämiler gurar. Biz türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygymyzy birleşdirilen gämi korporasiýalar arkaly dowam etdirmekçi” diýip emeldar aýdýar.

“Birleşdirilen gämi gurluşygy korporasiýalar” paýdarlar jemgyýeti bilen “Balkan” türkmen zawodynyň arasynda hyzmatdaşlyk barasynda jarnama 2020-njy ýylyň awgustynda gol goýupdy.

Şeýlede Türkmenistan Tatarystantň “Ak Bars”gämi gurujy korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Ol türkmen tarapy üçin tiz hereket edýän “Rowaç”, “Rahat” gämilerini gurupdy.

2018-nji ýylda Türkmenbaşy, öňki Krasnowodsk şäherinde açylan “Balkan” zawodynda henize çenli ýekejede gämi gurulmady.

Owal beren maglumatlarymyza görä, Aşgabatda metro gurmagy göz öňünde tutýarlar. Şol sebäpli, rus toparynyň resmi sapary wagtynda türkmen tarapy Peterburgly hünärmenleriň maslahatlaryny soradylar.

The post Peterburg Türkmenistan üçin birleşdirilen materiallardan gämiler gurar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Analiz: 11-nji fewral Türkmenistanda häkimiýeti geçirmek marafonynyň “hakyky” pellehanasymy?
Beglow Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebiniň mugallymlaryny we okuwçylaryny Sankt-Peterburga çagyrdy
Türkmenistan goranmak pudagynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi nazarlaýar
Nahajul Faradis atly eseriň türki dile goşan goşandy
9-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy