Pi sanynda täze rekord

Mälim bolşy ýaly, islendik töweregi onuň diametrine böleniňde, netijesi 3,14 çykýar.Aslynda, bu san tükeniksiz ýagdaýda uzap gidýär. Şeýle bolansoň, matematikler we inženerler her ýylda ýokary tehnologiýadan peýdalanyp, Pi sanynyň has takyk bahasyny tapýarlar. Şeýlelikde, üçden soň gelýän oturyň yzyna ýene-de müňlerçe san goşulýar.

StorageReview laboratoriýasynyň inženerleri 202 trillion 112 milliard 290 million basgançagyny hasapladylar. Şeýlelikde, inženerler topary şu ýylyň 14-nji martynda, ýagny halkara Pi gününde hasaba alnan özlerine degişli 105 trillion basgançakly rekordy täzelediler.

Bu sany hasaplamak üçin örän ýokary kompýuter tehnologiýasy ulanylýar. Inženerler topary 85 günläp yzygiderli işleýän algoritmden peýdalandylar. Hasaplama jemi 1,5 petabaýtlyk ýer aldy.

Ýene degişli makalalar

Köpetdag futbol toparynyň ýeňişleri
Türki döwletleriň arasynda elektron söwda we sanly hyzmatlar ýeňilleşdiriler
Ahmet Penjiýew hyýaly hakykata öwürýän alym
Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda gün energiýa ulgamlary ornaşdyrylýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi
Iki aýda üçünji altyn medal: 8 ýaşly tennisçi Alihan Nurýagdyýew Gazagystanda geçirilen ýene bir ýaryşda çempion boldy
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynda Yragyň ýygyndysyny ýeňdiler