Türki döwletleriň arasynda elektron söwda we sanly hyzmatlar ýeňilleşdiriler

Türki döwletleriň arasynda elektron söwda we sanly hyzmatlar ýeňilleşdiriler

Söwda ministrliginden berlen beýannamada “Türki Döwletleriň Guramasyna Agza Döwletleriň Hökümetleriniň Arasynda Sanly Ykdysadyýet Hyzmatdaşlyk Ylalaşygyny Tassyklamagyň Maksadalaýyk Hasaplanmagy Hakyndaky Kanunyň” Resmi gazetde çap edilendigi habar berildi.

Şeýlelikde, Türkiýäniň Azerbaýjandan we Özbegistandan soň ylalaşyk boýunça içerki tassyklama işini tamamlan üçünji ýurt bolandygyna üns çekilen beýannamada, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň hem içerki tassyklaýyş işlerini tamamlamagyndan soň ylalaşygyň güýje girjekdigi mälim edildi.

Beýannamada ylalaşyk hakynda giňişleýin maglumat berlip: “Ylalaşyk arkaly TDG-nyň agzalarynyň arasynda elektron söwdanyň, sanly hyzmatlaryň we serhetara maglumat esasly ykdysady amallaryň öňündäki päsgelçilikler aradan aýrylar, bu işleriň amala aşyrylmagy ýeňilleşdiriler hem-de umumy düzgünleriň kabul edilmegi üpjün ediler. Şeýlelikde sanly ykdysadyýetde utgaşykly we durnukly hyzmatdaşlyk binýady dörediler” diýilýär.

Şeýle hem beýannamada türk dünýäsinde söwda we tehnologik integrasiýanyň güýçlendiriljekdigi, kärhanalaryň sanly bazarlara elýeterliligini ýeňilleşdirjek innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagynyň höweslendiriljekdigi hem-de sebitiň bäsdeşlik ukybynyň artdyryljakdygy aýratyn nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýanyň çeşmeleri näme üçin dünýä açylar?
HORMATLY PREZIDENTIMIZ LEBAP SEMENT ZAWODYNYŇ IKINJI TAPGYRYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Täsin ukyply Liwanur Täsin adamlarda bäsleşdi
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Magtymgulynyň döredijiliginde syrly ýyllaryň beýany
Zenanlar işewürlikde jemgyýeti türkmenistanly zenan telekeçiler üçin okuw geçirýär