Türkmenistanly çagalara Çehiýadaky futbol akademiýasynda okamak mümkinçiligi hödürlenilýär

Türkmenistanly çagalara Çehiýadaky futbol akademiýasynda okamak mümkinçiligi hödürlenilýär

Balkanabat şäherindäki Bilimli ädim bilim merkeziniň ýardamy bilen Çehiýadaky akademiýalar tälimçiligiň başlangyç derejesindäki futbol hünärmenleri we ýaş futbol üçin gapylaryny giňden açýar.Olarda tälimçiler Çehiýanyň Futbol assosiasiýasynyň ýardamy bilen tälimçiligiň A, B, C we UEFA Pro derejelerine eýe bolup biler.

Körpe futbolçylara bolsa geljekde dünýä ýyldyzy bolmak mümkinçiligi garaşýar.Maksatnamalary Çehiýanyň Futbol federasiýasy we ýurduň iň meşhur klublarynyň biri bolan Praga kluby tarapyndan işlenip düzülen akademiýalarda Pro derejeli tälimçilerden tälim almak mümkinçiligi dörediler ― diýip, Janköýer ýazýar.

Bilimli ädim bilim merkezi akademiýanyň okuwçysy bolmak bilen ýaş futbolçylara geljekde ýokary bilimiň hem gapylarynyň açyljakdygyny kepillendirýär. Futbol we bilim maksatnamalary bilen akademiýanyň agzalaryna gyzykly tomusky lagerler, öz ukybyňy Çehiýanyň ligalarynda synap görmek mümkinçilikleri hem garaşýar.

Her hepdede 5 gün dowam edýän türgenleşikleriň netijesinde ýaş futbolçylar nazary, amaly we taktiki taýýarlyklaryny güýçlendirerler.Her dynç alyş gününde bolsa akademiýanyň agzalary üçin kiçi ýaryş geçiriler.Akademiýanyň 18 ýaşa ýeten talyplary Çehiýada resmi taýdan futbolçy hökmünde bellige alynýar.

Hasaba alnyşdan soňra bolsa ol öz ukybyna laýyklykda futbol ýoluny Ýewropanyň klublarynda dowam etdirip biler.Bu babatda tälimçileriň we skautlaryň kömegi bilen özüňiz üçin amatly bolan şertnamalary baglaşyp bilersiňiz.

Iň gyzykly ýeri hem siz futboldan girdeji gazanyp başlarsyňyz.Siz futbol ýyldyzy bilen bolmaga biziň bilen ädim ätmek isleýärsiňizmi?Onda habarlarşyň!

Ýene degişli makalalar

Tejende ilkinji gezek mekdebe barýan körpelerden okuw kitaplaryny satyn almak talap edildi
Mary: ÝOJ-lara kabul edilmek üçin zerur bolan saglyk kepilnamasy para bilen alynýar
Çagalar ýagty ertirlerimiziň eýeleri
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Ýörite TmCars.info-nyň okyjylary üçin!
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi