Bilşimiz ýaly, dünýäde ösen kompaniýalaryň ählisi hyýaly hakykat (AR) hyzmatlaryny peýdalanyp, girdejisini ýokarlandyrýarlar. Şeýle kompaniýalaryň biri-de, ABŞ-nyň Pizza Hut kompaniýasydyr.Kompaniýa geçen ýyl gutularynyň daşynda oýun oýnalýan hyýaly hakykat (AR) mümkinçiligi bilen, Pac-Man oýunly pizzalaryny satuwa çykarypdy.
Bu täze önüme isleg garaşylandan ýokary boldy.Müşderileri çekmek üçin oýun nyşanynyň ulanylmagy kompaniýanyň Newstalgia kampaniýasynyň bir bölegini düzýär.
Pac-Man barada aýdylanda bolsa, pizza gutularynda QR kodlary bolup, müşderileriň smartfonynda skanirlenen QR kodlary arkaly, oýnuň AR nusgasy açylýar we oýun meýdançasy döreýär. Bu oýan beýleki müşderiler hem goşulyp bilýär.
Pizza Hut-yň marketing boýunça ýolbaşçysy Jorj Feliks Insider neşirine beren beýanatynda Newstalgia” baradaky pikir, müşderilerimizi diňlemekden, söwda markasy bilen baglanyşdyrýan we iň gowy görýän zatlaryny sowgat hökmünde hödürlemekden döräpdi diýip belledi.
Kompaniýany güýçlendirmek üçin Pizza Hut teleýaýlym mahabaty üçin aktýor, komediýaçy we täze metbugat sekretary bilen hyzmatdaşlyk etdi.
Umuman aýdylanda, Pizza Hut PAC-MAN atly oýny paýlaşyp, janköýerlere adaty PAC-MAN oýun otagyny gazanmaga mümkinçilik berýän hyýaly hakykat pizza gutusynda Newstalgia duýgusyny döretmegi maksat edinipdir.
Pizza Hut gutusynda oýun oýnalýan hyýaly hakykat (AR) ýerleşdirilen pizzalaryny satuwa çykaryp başlaly bäri rekord derejede girdeji gazanýar. Kompaniýanyň marketingleri geljekde bu önümleriniň täze görnüşlerini artdyrjakdygyny ynam bilen aýdýarlar.
Hesel JUMAŞOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
