“Polaroid” kompaniýasy dünýädäki iň kiçi kamerany tanyşdyrdy

“Polaroid” kompaniýasy dünýädäki iň kiçi kamerany tanyşdyrdy

“Polaroid” kompaniýasy dünýäniň “Polaroid Go” diýlip atlandyrylýan iň kiçi kamerasyny tanyşdyrdy. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Enjam suraty dessine çap etmäge ukyply bolup, onuň ölçegleri jübi enjamlarynyň niýetlenilişine laýyklykda, 104x84x61 millimetre barabardyr. “Polaroid Go” enjamynda 67x54 millimetrlik kiçeldilen kartrij ýerleşdirilen.Kamera LED uçguny (wspyşka - red.), taýmer we selfi üçin niýetlenen kiçijik aýnajyk bilen enjamlaşdyrylandyr. “Polaroid Go”-yň agramy bary-ýogy 250 gram bolup, onda 750 mAh akkumulýator ulanylýar.

Munuň özi 15 surata düşmek we çap etmek üçin ýeterlikdir diýip, çeşme belleýär. Şeýle hem kamera hersi 16 surat üçin niýetlenen “Film Double Pack” kartrijleriniň iki toplumyny öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

Kanadada iň tiz surata alýan kamera döretdiler
Iň kuwwatly traktorlar
Aşgabatda Leonid Filatowyň ýatlama agşamy geçirildi
Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
ТÜRKMENISTAN IRENA: IŞJEŇ HYZMATDAŞLYGYŇ ALNYP BARYLMAGYNA YGRARLYDYRLAR