Prezident Balkan welaýatyna ugrady we “Altyn asyr” kölüni gördi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji fewralda iş sapary bilen Balkan welaýatyna bardy we “Altyn asyr” kölüni gözden geçirmäge gitdi. Bu ýerde dürli desgalaryň gurluşygy planlaşdyrylýar.

2019-2025-bji ýyllarda “Altyn asyr” köli sebitini özleşdirmek boýunça konsepsiýa bilen wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew tanyşdyrdy.

Plana laýyklykda, TSTB-niň “Hazar balyk” AJ-y bu ýerde balykçylyk hojalygyny gurnamagy planlaşdyrýar. Kölüň töwereginde 68,8 gektar meýdany tutýan täze oba gurlar, oba adamlary maldarçylyk, balykçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanarlar.

Gaz üpjünçiligi meselesini çözmek üçin, Garabogaz obasynyň yanynda gaz bölüji stansiýa gurlar, Serdar şäherinden bolsa, magistral gaz geçirijisi çekiler. “Altyn asyry” tok bilen üpjün etmek üçin, Serdar şäherindäki “Serdar” stansiýasyndan elektrik toguny aljak 160 kilometlik elektrik geçiriji liniýa çekmek planlaşdyrylýar.

Neşiriň maglumatyna görä, Serdar şäherinden “Altyn asyr” türkmen kölüne çenli 170 kilometrlik awtomobil ýoly gurulýar, onuň 40 kilometrine eýýäm, asfalt düşeldi.

Kölüň daş-töwereginde oba gurmagy prezident 2018-nji ýylyň awgustynda tabşyrdy. 7-nji ýanwarda Berdimuhamedow kölüň golaýynda gök-bakja ekinlerini ýetişdirjek we balykçylyk bilen meşgullanjak daýhan birleşiklerini döretmek mümkinçiligi boýunça teklip taýýarlamagy tabşyrdy.

Bu kölüň häzirki ýagdaýy barada TH özüniň “Altyn asyr” suw howdanynyň gaýgyly ykbaly” atly makalasynda anyk maglumat berýär.

Bu barada resmi habar berilmedi, emma prezident Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlar boýunça iş saparlaryna başlana meňzeýär. TH-nyň ozal habar berşi ýaly, birinji gün, 4-nji martda döwlet baştutanyna Daşoguzda garaşýarlar, bu ýerde garamtyl maşynlary jerime duralgasyna ibermäge başladylar.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
DIM-DE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK
DIM-DE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz işini tamamlady
12.01.2021 | “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy