Prezident Berdimuhamedow “Miras” telekanalyna täze başlyk belledi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy maýda Guwanç Baýramdurdyýewi döwlet teledideniýesiniň “Miras” telekanalynyň direktory wezipesine belledi.

Ýatladýarys, döwlet baştutany türkmen medeniýeti barada gepleşik berýän telekanalyň ozalky ýolbaşçysy Bäşim Ataýewi 7-nji maýda, “işde goýberen kemçilikleri üçin” wezipesinden boşatdy. Şonda telekanalyň wagtlaýyn ýolbaşçylygyna baş redaktor Kuwwatberdi Hezziýew bellenildi.

Prezident şondan birnäçe gün soňra medeniýet boýunça wise-premýer Bahargül Abdyýewa “gözegçilik edýän ulgamynyň ýolbaşçylarynyň işlerine gözegçiligi gowşadandygyny” aýdyp, “ýolbaşçylaryň birnäçesiniň garamagyndaky düzümlerde düzgün-tertibiň köp bozulýandygy, dürli ýaramaz ýagdaýlara ýol berilýändigi üçin” käýinç berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
07.05.2019 | Resmi habarlar
Resmi habarlar
Prezident "Mirasyň" başlygyny täzeledi, synçylar Berdimuhamedowyň senzurany saklap galandygyny belleýärler
Prezident Berdimuhamedow TW boýunça komitetiň başlygyna käýinç yglan edip,“Miras” telekanalynyň başlygyny täzeledi
30.05.2019 | Resmi habarlar