Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana iki günlük döwlet sapary tamamlandy. Saparyň dowamynda ençeme resminama gol goýuldy. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň arasynda göni uçar gatnawlaryny açmak meselesine seretmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
24-nji noýabrda Gazagystana baran türkmen prezidenti 25-nji noýabrda Astana şäherindäki “Akorda” köşgünde gazak prezidenti bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, gepleşikleriň çäginde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylýandygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
“Şeýle hem, iki ýurduň şäherleriniň arasynda göni täjirçilik uçar gatnawlaryny açmak meselesine seretmek barada ylalaşdyk” diýlip, gazak prezidentiniň resmi web sahypasynda Kasym-Žomart Tokaýewiň aýdan sözleri sitirlenýär.
Şeýle-de, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol goýuldy. Şolaryň hatarynda oba hojalyga, ulag-aragatnaşyk ulgamyna, saglyk, migrasiýa we söwda-ykdysady pudaklara degişli ylalaşyklar we ähtnamalar bar.
“Altyn Kyran” ordeniDuşuşygyň dowamynda gazak lideri türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedowy “Altyn Kyran” ordeni (Gazagystanyň iň ýokary sylagy bolan “Altyn Bürgüt”) bilen sylaglady.
Türkmen metbugatynyň habaryna görä, Tokaýew oňa “Siziň ýurduňyzda senagat we ulag infrastrukturasyny işjeň döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar” diýdi.
Şeýle-de, gazak lideri Türkmenistanda giň gerimli sosial taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini, ylym we bilim ulgamlarynyň yzygiderli ösýändigini, raýatlaryň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny öňe sürüpdir.
“Bu üstünlikleriň hemmesi tüýs ýürekden hormata we iň ýokary baha mynasypdyr” diýip, “TDH” neşiri prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň sözlerini sitirledi.
Gazagystanyň TOPH-a gyzyklanmasyBu aralykda, metbugat serişdeleriniň birnäçesi, şol sanda “Interfax” we “Upstream” neşirleri Gazagystanyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyna 30% paý bilen goşulmaga taýýardygyny we onuň taslama gatnaşyjylaryň jogabyna garaşýandygyny habar berdiler.
"Biz öz tarapymyzdan TAPI gaz geçirijisiniň potensial paýdarlaryna - Gazagystanyň 30% -e çenli [paý bilen] gatnaşmagy mümkinçiligi boýunça - degişli resminamany iberdik. Biz jogaba garaşýarys. Häzirlikçe hiç hili jogap bolmady” diýip, “Interfax” neşiri gazak energetika ministri Ýerlan Akkenženowyň 25-nji noýabrda Astanada aýdan sözlerini sitirledi.
Ol özleriniň bu meseläni ýokary derejeli duşuşykda gozgandyklaryny we türkmen tarapyndan jogabyň haçan beriljekdigi barada hiç hili maglumatyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.
Türkmenistanyň metbugat serişdelerinde bu maglumat barada häzirlikçe hiç hili gürrüň gozgalmaýar. Gazak ministri Gazagystanyň bu meýilnamasy barada ilkinji gezek geçen ýylyň oktýabr aýynda “Gazagystan-Owganystan” biznes forumynda gürrüň gozgapdy.
Uzynlygy 1814 kilometr çemesi boljak TOPH taslamasy Türkmenistanyň Galkynyş gaz käninden gözbaş alyp, ýylda 33 milliard kub metre barabar türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana ibermegi göz öňünde tutýar.
Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistan onlarça ýyl bäri, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak tagallalarynyň çäklerinde, Günorta Aziýa ýurtlaryna uly möçberlerde gaz ibermegi maksat edinýän TOPH taslamasyny ileri sürüp gelýär. Ýöne bu sebitde wagtal-wagtal möwç alýan dartgynlyklar, şeýle hem howpsuzlyk we maliýe meseleleri, taslamanyň geljegi barada sorag döredip gelýär.
Gol goýlan resminamalar, söwda dolanyşygySaparyň çäklerinde ýurduň wekiliýet agzalary gazak kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdiler. Olaryň dowamynda beýlekiler bilen bir hatarda, sport, ylym, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ähtnamalara gol goýuldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bilen Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary, milli ykdysadyýet ministri Serik Žumangariniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 1 milliard dollara ýetmegine garaşylýandygy mälim edildi.
“Soňky bäş ýylyň dowamynda haryt dolanyşygy dört esse artdy, soňky iki ýylyň dowamynda bolsa özara söwda durnukly ýagdaýda 500 million dollardan geçdi” diýlip, Gazagystanyň premýer-ministriniň resmi web sahypasynda berlen maglumatda bellenýär.
Maglumata görä, 2025-nji ýylyň 9 aýynda senagat, oba hojalyk we gaýtadan işlenen önümleriň hasabyna Gazagystanyň Türkmenistana eksporty 221,7 million dollara ýetdi. Gazagystan bugdaý ununy, günbakar ýagyny, makaron önümlerini, margarini, çaý, şeker we beýleki önümleri Türkmenistana iberýär.
Şeýle-de, 2025-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistanyň Gazagystan eksporty 141,9 million dollara ýetdi. Tebigy gazdan başga-da, miweler we gök önümler Gazagystana iberilýär. 2025-nji ýylda Gazagystana iberilen pomidoryň möçberi 30 müň tonnadan geçdi we Türkmenistandan import edilýän harytlaryň düzüminde ikinji orny eýeledi.
Bu sapar, prezident Berdimuhamedowyň Gazagystana ikinji döwlet sapary bolup, ol mundan ozal şu ýylyň iýun aýynda Astana barypdy. Şonda ol "Merkezi Aziýa - Hytaý" sammitine gatnaşypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.