Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň iň ýokary döwlet sylagy - “Altyn Kyran” (“Altyn Bürgüt”) ordeni bilen sylaglanyldy. Sylaglanyş dabarasy duşenbe güni Astanda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň resmi döwlet saparynyň çäginde geçirildi. Bu barada Gazagystan Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwletlilik binýadyny yzygiderli berkitmäge, ýurduň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de Türkmenistananyň halkara derejesindäki ornuny güýçlendirmäge möhüm goşant goşýandygyny belledi.
“Türkmenistanda senagat we ulag ulgamlary işjeň döwrebaplaşdyrylýar, ýurduň energetika kuwwaty güýçlendirilýär we soňky sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar.Siziň öňdengörüjilikli başlangyçlaryňyzyň netijesinde doganlyk Türkmenistanda giň gerimli durmuş-ykdysady taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar, ylym-bilim ulgamynda ösüşler gazanylýar we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.
Bu üstünlikler hakykatdan-da çyn ýürekden hormata mynasypdyr we ýokary baha bermegi talap edýär” diýip, Kasym-Žomart Tokaýew belledi.
Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine we bütin doganlyk halkyna ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de sylagyň türkmen halkyna uly hormatyň alamatydygyny hem-de berk dostluk we goňşulyk subutnamasy bolup durýandygyny belledi. “Biziň halkara arenasyndaky gatnaşyklarymyz we netijeli hyzmatdaşlygymyz sebitleýin hem-de dünýä derejesindäki möhüm meseleleri çözmekde özara düşünişmegiň we goldawyň ýokary derejesini görkezýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.
“Altyn Kyran” ordeni - Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary döwlet sylagy bolup, ol döwlete eden hyzmatlary üçin tapawutlanan görnükli şahsyýetlere berilýär.