Prezident bilen birlikde Türkmenabada uçan ýaş çatynjalaryň garyndaşlary uçara dress-barlagdan geçip bilmediler

Prezident bilen birlikde Türkmenabada uçan ýaş çatynjalaryň garyndaşlary uçara dress-barlagdan geçip bilmediler

23-nji iýunda prezident Berdimuhamedow Türkmenabada bardy we şol gün Kerkide halkara howa menzilini, Türkmenabatda “Ak öýi” görnüşindäki konsert zalyny we Farap etrabynda çagalar üçin “Çagalar dünýäsi” güýmenje merkezini açdylar.

Kerkide howa menzilini açan Berdimuhamedow täze uçarynda Türkmenabada dolandy. Şol uçara prezident bilen birlikde welaýatyň merkezinde toý tutmak isleýän öýlenýän ýigidi we durmuşa çykýan gyzy hem aldylar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary bu babatda käbir jikme-jikleri berýär. Görlüp otyrylsa, olar hakyky jübüt we adatça prezidentiň gatnaşýan şeýle dabaralarynda ulanylýan artistler däl.

Täze howa menzilinde sürüji bolup işleýän ýigit ilkibaşda toýyny iýunyň ortalarynda geçirmegi göz öňünde tutupdy. Emma, bu barada öwrenen uçar meýdanynyň ýolbaşçylary we sebitiň adminstrasiýasy toý tutmakçy ýaş çatynjalara “toý sähediniň” gününi üýtgetmegi we oňa prezidentiň hem gatnaşmagyny teklip etdiler.

Ony toý tutjak jübüt we garyndaşlary kabul etdiler.

Howa menziliniň açylyşy daň bilen boldy we ýaş çatynjalaryň hossarlaryna ir sagat 6-da howa menziline gelmek tabşyryldy. Emma, dabaralary gurnamak bilen meşgul çinownikler aýal-gyzlaryň “ýerliksiz”geýinendigini, hatda,käbirleriniň juda dar geýinendigini, ýüzleriniň aşa boýalandygyny, uzyn, reňkli dyrnaklaryny we döwrebap bejerlen saçlaryny görüp, ör-gökden gelipdirler.

Netijede, ýaş çatynjalardan başga hossarlaryny “Türkmensyýahatyň” awtobusynda Türkmenabada iberdiler.

Uçarda ýaş çatynjalaryň hossarlarynyň roluny medeniýet işgärleri oýnadylar. Uçar daň bilen Türkmenabada uçupdyr.

Welaýatyň merkezindäki Türkmenbaşy şaýolundaky “Bagt köşgünde” ýaş çatynjalaryň resmi nikasy boldy we oňa welaýat, şäher häkimlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Toý bolsa, resmiler gatnaşmazdan, gündiz sagat 4-de başlandy.

“Bagt köşgünde” toý tutulýan zal hem bar we şol gün başga bir maşgala toý etmek üçin ol ýeri öňünden tutupdy. Emma, olara iki gün owalyndan başga ýer gözlemek duýdurylypdy.

Şondan bir gün soňra Farap şäherinde çagalar üçin güýmenje merkezi “Çagalar dünýäsi” açyldy. Ol şaheriň merkezinde we “Farap” meýdançasyna ýakyn ýerleşýär.

Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşjaklary daň bilen 6-da ol ýera ýygnadylar.

Milli geýimler, don we silkme telpek geýenler dabaralar başlanýança, birnaçe sagatlap jokrama yssyda günüň aşagynda garaşypdyrlar. Olara suw hem berilmedi, bu soňra hajathana gitmek isleýänleriň bolmazlygy üçin edilipdi.

Nomer 3-nji çagalar bagyndan bolan gyzjagaz özünden gitdi we ony keselhana alyp gitdiler.Ýerli keselhananyň lukmanlary gyzjagasa saglyk kömegini berdiler we onuň ene-atasyna hiç kime aýtmazlygy tabşyrdylar.

Dabaralardaky sahnalaryň biri boýunça çagalar bagynda terbiýelenýänler prezidentiň öňünde goşgy okap,tans etmelidi.Emma, prezident Kerkide howa menzilini we Türkmenabatda “Ak öýi” açmak bilen çaklenip, 23-nji iýun agşamy Aşgabada dolanypdy.The post Prezident bilen birlikde Türkmenabada uçan ýaş çatynjalaryň garyndaşlary uçara dress-barlagdan geçip bilmediler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna “Dowzah derwezesine” barmak gadagan edildi
Mälikguly Berdimuhamedow beýin ganamasyndan aradan çykdy
Prezident syýahatçy köpelsin diýýär, TSTB güýçlenýär, kenarda aýallara 'açyk' geýinmek gadagan edilýär
Türkmenler Türkmenistandaky hossarlary bilen aýraçylygyň aradan aýrylmagyny isleýärler
Syýahat komitetiniň başlygyna “Türkmensyýahatyň” maliýe hasabatyndan soň käýinç berildi
12.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi