Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna “Dowzah derwezesine” barmak gadagan edildi

Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna “Dowzah derwezesine” barmak gadagan edildi

Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna ýörite rugsatsyz Garagum çölündäki ýanýan gaz çukury Derwezä baryp görmek gadagan edildi. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Mundan beýläk Derwezä diňe “Türkmensyýahat” döwlet syýahat edarasynyň rugsady bolan topar bilen baryp görmek mümkin.

Onuň golaýynda hakykatda, Ahal we Daşoguz welaýatynyň serhedi bolan ýerde Derweze obasy bar. Onuň içinden iki welaýaty baglaýan ýol geçýär we ýerli ýaşaýjylary gaz ýanýan çukura ýygy-ýygydan myhman alyp barýardylar.

Çopanlar bolsa, gyş aýlarynda ol ýerä goýun sürerdiler we sowukda has ýyly bolýar diýip hasaplaýardylar.

Polisiýa gaz ýanýan çukuryň ýanynda post dikdiler we mundan buýana ol ýerä barmagyň gadagandygyny obanyň ýaşaýjylaryna duýdurdylar. Olar gadaganlygy gaz syzmasynyň zäherlenmä, ýaralanma we daş gopmalara sebäp bolmak mümkinçiligi bilen düşündirdiler.

Näbelli sebäplere görä, bu gadaganlyk syýahatçylara degişli däl.

Halk arasynda ony “Dowzah derwezesi” diýip atlandyrýarlar. Häkimiýetler bolsa, ony “Garagym ýalkymlary” diýip atlandyrmaga synanyşdylar. Emma, ol at “jüpüne düşmedi”.

The post Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna “Dowzah derwezesine” barmak gadagan edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ýygjamlaşýan adatdan daşary tebigy hadysalar ilaty ynjalykdan gaçyrýar
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Aşgabat syýahatçylygy maslahatlaşdy, synçylar ýurduň 'üzňelikde galýandygyny' aýdýarlar
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Arkadag topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýeňiş bilen tamamlady
Türkmenistana Altyn bürgüt syýahatçylyk otlusy geldi
Türkmenistanda ulaglary tehniki barlagdan geçirmegiň Tertibine goşmaçalar girizildi, Derweze gaz kraterini söndürmek boýunça teklipler aýdyldy, Altyn asyr we Köpetdag AFK Kubogy ugrundaky çempionatda we beýleki habarlar