Türkmenistanda ulaglary tehniki barlagdan geçirmegiň Tertibine goşmaçalar girizildi, Derweze gaz kraterini söndürmek boýunça teklipler aýdyldy, Altyn asyr we Köpetdag AFK Kubogy ugrundaky çempionatda we beýleki habarlar

Türkmenistanda ulaglary tehniki barlagdan geçirmegiň Tertibine goşmaçalar girizildi, Derweze gaz kraterini söndürmek boýunça teklipler aýdyldy, Altyn asyr we Köpetdag AFK Kubogy ugrundaky çempionatda we beýleki habarlar

1. Türkmenistanda ýuridiki şahslar üçin ulaglaryň tehniki barlagyny geçirmegiň düzgünleri ýeňilleşdirildi. Indi zerur ýagdaýlarda tehniki barlagy ulag serişdesiniň ýerleşän ýerinde geçirmek mümkindir. Munuň üçin Türkmenistanyň IIM-niň PÝGG-ne ýüz tutmalydyr.

2.Aşgabadyň Botanika bagynyň merkezi girelgesiniň ýanynda Georgia atly gruzin aşhanasyna ýöriteleşen restoran açyldy.Restoranyň tagamnamasynda (menýusynda) Gruziýanyň milli tagamlary: haçapuri, sasiwi, çahohbili, harço, hinkali, çişlik we beýlekiler ýerleşdirilendir.

Restoranyň içinde hem, daşynda hem oturmak üçin orunlar bardyr. 3.Türkmengaz döwlet konserniniň ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory Barammyrat Pirnyýazow türkmen alymlarynyň Derweze kraterinde gazyň bölünip çykmagyny gözegçilikde saklamak baradaky teklipleri hakynda aýdyp geçdi.

Sada dilde aýdanymyzda, alymlar kraterde buraw guýusyny gazyp, gaz akymyny dolandyrmak bilen, onuň kartere barmagynyň öňüni almagy teklip edýärler. 4.Serdar Döwranow 1,5 gektar ýerden 9 tonna erik, alma, ülje we garaly hasylyny ýygnamak bilen, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň yglan eden Tejribeli bagban atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 5. 18-19-njy iýul aralygynda Aşgabatda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş atly maslahat geçiriler.

Maslahat garyşyk görnüşde geçirilip, oňa türkmen we daşary ýurtly ulag kompaniýalarynyň, logistika guramalarynyň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklaryna garaşylýar. 6.Patyşalyk oýunjaklar Pýotr I-niň Kunstkamerdaky adaty bolmadyk toplumy.

Sankt-Peterburgdaky Sungat otagy 1714-nji ýylda esaslandyryldy.Patyşa Pýotr I ony täsinlikleriň we ylmy tötänlikleriň toplumy hökmünde toplapdyr, mirasdüşerler bolsa onuň toplumynyň üstüni doldurmagy dowam edýärler. 7.

Dünýäniň iň iri awiagurluşyk kompaniýalarynyň biri bolan Airbus hereketlendirijileriniň ikisi hem 100% ekologik awiasiýa ýangyjy bilen işleýän dikuçaryň uçuşyny gurady. 8.Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maýmyn mamasy boýunça komiteti bu keseliň ýaýramagynyň häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýy emele getirmeýändigini belleýär. 9.

Türkmenistanly türgenler 2022-nji ýylyň 27-nji iýulyndan 8-nji awgusty aralygynda Wladiwostokda (Russiýa) geçiriljek Aziýanyň çagalary atly VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşarlar. 10.Türkmenistanyň Köpetdag topary AFK Kubogy-2022 çempionatynyň ikinji aýlawynda Gyrgyzystanyň çempiony Dordoýdan üstün çykdy.

Duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlandy.

8-nji minutda duşuşygyň baş emini Niwon Robeş aşgabatlylaryň ýarymgoragçysy Yhlas Saparmämmedowy meýdançadan çykardy. Ýeňiş getiren goly oýnuň 45-nji minudynda Köpetdagyň kapitany Batyrklyç Berdiýew saldy.Bu Köpetdagyň AFK Kubogy ugrundaky çempionatdaky ilkinji ýeňşidir. 11.

AFK Kubogy-2022 çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji aýlaw duşuşygynda türkmen topary Altyn asyr gyrgyz topary Nebitçiden 1:0 hasabynda üstün çykdy.Duşanbe şäherinde geçirilen duşuşygyň ýeke-täk goluny 34-nji minutda Myrat Annaýew penalti arkaly geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Änew şäherindäki Ilatly restorany italýan aşhanasynyň muşdaklaryna garaşýar
Soltan Loft restorany: çagalar bilen rahat dynç alyş
Gül Zemin SDAM-daky Soltan restorany — maşgala dynç alşy üçin ajaýyp ýer
Expo City Dubai-da ilkinji türkmen restorany açyldy
Aşgabatdaky Eleven restorany paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny agşamlygy täsirli geçirmäge çagyrýar
Aşgabat gipermarketi amatly söwda etmäge çagyrýar