31-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

31-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistan we Germaniýa hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar, 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 10 milliard dollardan gowrak boldy, Türkmenistanyň we Gazagystanyň futbol boýunça ýygyndy toparlary ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýärler we beýleki habarlar

Türkmenistanda 1.Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.Maglumat merkezi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda döredildi.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde bu merkez hakynda degişli Düzgünnama gol çekildi. 2. 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwdanyň mukdary 10 milliard dollardan geçdi.Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň aglaba bölegi 9 milliard 633 million 228 müň dollarlyk türkmen eksportyndan ybaratdy. 3.

Türkmenistanda Änew şahyrlarynyň edebi mirasyny we halk döredijiliginiň täze golýazma çeşmelerini öwrenmäge bagyşlanan köpýyllyk ylmy barlaglaryň esasynda kitap neşir edildi.Kitap Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli taýýarlanyldy. 120 sahypadan ybarat kitap Ylym neşirýaty tarapyndan neşir edildi we ol giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. 4.

Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýük daşamak babatda möhüm üstaşyr merkeze öwrülmek üçin ähli zerur infrastruktura eýe.Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Brýusselde geçirilen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça Global Gateway maýa goýum forumynda eden çykyşynda mälim etdi.

Annaýew öz çykyşynda soňky ýyllarda Türkmenistan ulag infrastrukturasyna, hususan-da, 5000 km-den gowrak demir ýollaryň çekilmegine, ýylda 17 million tonna ýük geçirmäge ukyply bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, täze howa menzilleriniň we Aşgabat — Türkmenabatyň gurluşygyna işjeň maýa goýandygyny belledi.

Bu desgalar Merkezi Aziýanyň üsti bilen durnukly we ygtybarly ýük daşamak üçin mümkinçilikler açýar. 5.Daşkent şäherinde Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektorynyň duşuşgy geçirildi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyny we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dünýäde

6.Niderlandlarda restoran garakçysy ady bilen tanalýan 58 ýaşly adam hasaby tölemändigi üçin tussag edildi.Käbir maglumatlara görä, bu adam soňky birnäçe ýylda restoranda hasaby 100-den hem köp gezek tölemedi.

Bu kezzap Delftdäki restoranlaryň birinde insult geçirýändigi barada ýalan sözländen soň tussag edildi.Wakanyň bolan ýerine gelen lukmanlar ony gözden geçirenden soň, onuň ýalan sözleýändigini bildiler we ony hassahana äkitmekden ýüz öwürdiler.

Restoranyň eýesi polisiýany çagyrdy, olar bu adamy bölüme alyp gitdiler we onuň resminamalaryny barladylar.Tutulan adamyň hasaby tölenmändigi barada azyndan 127 şikaýat alan meşhur restoran garakçysydygy ýüze çykdy. 7.

Polşanyň 48 ýaşly ýaşaýjysy zenanlaryň arasynda sowuga çydamlylyk boýunça täze rekord goýdy.Ol buzda 3 sagat 6 minut 45 sekunt geçirdi.Rekordy goýmazdan ozal, zenan munuň saglygyna ýaramaz täsir etmezligi üçin lukmançylyk barlagyndan geçdi. Şeýle hem ol üç gezek türgenleşik synagyny geçirdi we bedeniniň gyzgynlygynyň üýtgemeýşine gözegçilik etdi.

Sport habarlary 8.Türkmenistanyň we Gazagystanyň futbol boýunça ýygyndy toparlary mart aýynyň ortalarynda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler.Duşuşygy 14-nji martda Dubaýdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň milli ýygyndylary meýdançada 3 gezek duşuşypdylar.Duşuşyk iki gezek deňme-deň we bir gezek gazak toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. 9. Özbegistanyň futbol boýunça ýygyndy topary Katarda geçirilýän futbol boýunça Aziýa Kubogynyň 1/8 finalynda Taýlandyň toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Özbegistanyň milli ýygyndysy çärýek finalda ýaryşyň ýer eýeleri 1/8 finalda Palestinany 2:1 hasabynda ýeňen Kataryň topary bilen duşuşar.

Bu oýun 3-nji fewralda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Samarkantda ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynyň başynda Özbegistandan ýeňildi
Özbegistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Aşgabatdan Köneürgenje zyýaratçylar üçin otly guralar, Türkmenistan Russiýa bilen howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi, Türkmenbaşy Astrahanyň Olýa porty bilen yzygiderli gatnawy ýola goýmaga taýýar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy