TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşigi döredildi

TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşigi döredildi

Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşiginiň guramaçylyk ýygnagy geçirildi. 6-njy martda geçirilen ýygnaga Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň ikinji sekretary Handurdy Turaýew hem gatnaşdy diýip, Report habar berdi.

Bu çärä Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşiginiň halkara gatnaşyklar boýunça sekretary Salim Babullaoglu, Gazagystanyň Ýazyjylar birleşiginiň ýolbaşçysy Ulugbek Esdaulet, Gyrgyzystanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Nurlanbek Kalibekow, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Sirojiddin Saýýid, Türkiýäniň Ýazyjylar birleşiginiň Direktorlar geňeşiniň agzasy Mahmut Erdemir hem-de Ýewraziýa Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömeroglu gatnaşdy.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raýewiň bellemegine görä, Ýazyjylar birleşiginiň maksady türki dünýäsinde edebi gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.

Duşuşygyň dowamynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Ýazyjylar birleşiginiň başlygyny saýlamak bilen bagly guramaçylyk meselelerine hem seredildi. Netijede, Gazagystan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ulugbek Esdaulet, şol bir wagtda TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşiginiň hem başlygy wezipesine saýlanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy
Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini ýubileý medaly bilen gutlady
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Binali Ýyldyryma, Klaus Parhofere “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medallary gowşuryldy
Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
Aziz Sanjara Türk Dünýäsiniň Medeniýet lçisi Nyşany Gowşuryldy