Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, şu gün Özbegistanyň Samarkant şäherine sapar bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Lia! by Minyoun Stars of Ulugbek myhmanhanasynda ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşdy.

Türkmenistan gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, duşuşykda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary baradaky pikir alyşmalara giň orun berildi. Şeýle-de türkmen tarapynyň ŞHG-niň çäklerinde gyzyklanma bildirýän ugurlary hakynda jikme-jik pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, energetika ulgamyny görkezmek bolar. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti ýylda 40 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazyny Hytaýa ibermäge mümkinçilik berýän Türkmenistan ― Hytaý gaz geçirijisiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany ulag-kommunikasiýa ulgamynyň, telekeçilik işiniň hem Türkmenistanyň bu guramanyň çäklerinde ileri tutýan ugurlarydygyny nygtap, olar boýunça iri möçberli taslamalaryň, uzak möhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda gepleşiklere taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezident duşuşygyň dowamynda anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürüp, ŞHG-niň Sekretariatynyň olary iş ýüzünde amal etmegiň mümkinçiliklerini öwrenjekdigine ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynyň başynda Özbegistandan ýeňildi
Aşgabatdan Köneürgenje zyýaratçylar üçin otly guralar, Türkmenistan Russiýa bilen howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi, Türkmenbaşy Astrahanyň Olýa porty bilen yzygiderli gatnawy ýola goýmaga taýýar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Samarkantda ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşigi döredildi