Serdar Berdimuhamedow Samarkantda ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Serdar Berdimuhamedow Samarkantda ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanyň Samarkant şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşiri maglumat ýaýratdy.

Döwlet Baştutanynyň Özbegistana sapary wagtynda bolýan rezidensiýasynda ― Lia!by Minyoun Stars of Ulugbek myhmanhanasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary baradaky pikir alyşmalara giň orun berildi.

Biziň ýurdumyzyň bu abraýly düzümiň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna Türkmenistana, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyza goýulýan uly hormatyň nyşany hökmünde garalýandygyny aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň ŞHG-niň çäklerinde gyzyklanma bildirýän ugurlary hakynda jikme-jik durup geçdi. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, energetika ulgamyny görkezmek bolar. Şunda hormatly Prezident ýylda 40 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazyny Hytaýa ibermäge mümkinçilik berýän Türkmenistan ― Hytaý gaz geçirijisiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag-kommunikasiýa ulgamynyň, telekeçilik işiniň hem Türkmenistanyň bu guramanyň çäklerinde ileri tutýan ugurlarydygyny nygtap, ýurdumyzyň olar boýunça iri möçberli taslamalaryň, uzak möhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda gepleşiklere taýýardygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynyň başynda Özbegistandan ýeňildi
Aşgabatdan Köneürgenje zyýaratçylar üçin otly guralar, Türkmenistan Russiýa bilen howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi, Türkmenbaşy Astrahanyň Olýa porty bilen yzygiderli gatnawy ýola goýmaga taýýar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşigi döredildi